TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Kataryň Şura mejlisiniň başlygy tarapyndan kabul edildi

TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Kataryň Şura mejlisiniň başlygy tarapyndan kabul edildi

TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Akif Çagataý Kylyç we ýanyndaky wekiliýet Kataryň Şura mejlisiniň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Mahmud tarapyndan kabul edildi.

Sapar bilen Kataryň paýtagty Doha şäherine giden TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Akif Çagataý Kylyç we ýanyndaky wekiliýet, Kataryň Şura mejlisiniň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Mahmud bilen iki ýurdyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň özgerdilmegi bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Kylyç duşuşykda, TBMM-niň başlygy Mustaf Şentopyň hatyny Al Mahmuda berdi.

Duşuşyga Türkiýäniň Katardaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Göksu hem gatnaşdy.

TBMM-nyň wekiliýetiniň Katar sapary şu gün tamamlanjakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Mahmud Abbas Şu Gün Ankara Geler
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny