
TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş ýurduň Mirasdar Şazadasy Akişino bilen Akasaka köşgünde duşuşyk geçirdi.
Numan Kurtulmuş sapar bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Tokioda Ýaponiýanyň Mirasdar Şazadasy Altes Akişino bilen duşuşyk geçirdim. Türkiye-Ýaponiýa dostlugynyň ähli ugurlar boýunça güýçlenmegini arzuw edýäris, ýurtlarymyzyň arasyndaky taryhy we çuňňur gatnaşyklarymyzdan hoşaldyrys. Myhmansöýerlikleri üçin Mirasdar Şazada we Şagyzy Akişino minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi.