TBMM-niň başlygy wenger kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň başlygy wenger kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş paýtagt Ankara şäherinde Wengriýanyň Milli mejlisiniň başlygy Laslo Kýower bilen geçiren duşuşygyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda söz sözledi.

Numan Kurtulmuş myhman mejlisiň başlygy bilen geçiren duşuşygynda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky wagtlardaky strategik hyzmatdaşlyk derejesiniň artandygyna ünsleri çekdi.

Wengriýanyň ÝB döwürleýin başlyklygynyň Türkiye-ÝB gatnaşyklaryny ösdürmekde peýdaly bolmagyny umyt edýändigini aýdan Numan Kurtulmuş, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň artdyrylmagy babatynda öňe gidişlik ediljekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Wengriýanyň Milli mejlisiniň başlygy Laslo Kýower bolsa öz gezeginde Türkiyäniň ÝB-ne agzalygyny goldaýandyklaryny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe söwda bilen çäkli bolmandygyny, medeni we ylym babatynda özgertjekdiklerini habar berdi.

Ikitaraplaýyn, sebitleýin parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ugurlarynda umumy garaýyşlara eýediklerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
Numan Kurtulmuş täze bir ulgamyň döredilmegi barada çagyryş berdi
TBMM-niň agzalary Ysraýyly protest etdiler