TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Indoneziýada Saparda Bolýar.

TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Indoneziýada Saparda Bolýar.

TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Indoneziýada Saparda Bolýar.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Meksikadan, Indoneziýadan, Günorta Koreýadan, Türkiýeden we Awstraliýadan ybarat MIKTA-nyň Parlament başlyklarynyň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Indoneziýanyň paýtagty Jakarta gitdi.

Indoneziýanyň Wekiller mejlisiniň ýer eýeçiliginde geçiriljek maslahatda “Halkara dolanşyk ulgamy”, “Parlament nähili hereket etmeli”, “Ýaşlaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak: Eşretli durmuşda ýaşamak” ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş, Indoneziýanyň Prezidenti Widodo-nyň maslahata gatnaşýan ýurtlaryň parlament başlyklarynyň hormatyna berjek naharyna gatnaşar.

Numan Kurtulmuş, saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirer we Ýunus Emre institutynda Türkiýede ýokary bilim alan talyplar bilen duşuşar.

2013-nji ýylda Meksikanyň, ındoneziýanyň, Günorta Koreýanyň, Türkiýäniň we Awstraliýanyň gatnaşmagynda gurlan gurama sebitara we halkara parahatçylyga we durnuklylyga goşan goşmagy maksat edinýär

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Numan Kurtulmuş, Wladimir Putin Tarapyndan Kabul Edildi
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş Russiýada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär