TBMM-niň agzalary Ysraýyly protest etdiler

TBMM-niň agzalary Ysraýyly protest etdiler

Aralarynda Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň agzalary bolan parlamentarlar Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde dowam edýän Parlamentara bileleşiginiň 149-njy baş geňeşinde ysraýylly resmileri protest etdiler.

Parlamentara bileleşiginiň başlygy Tuliýa Aksonyň ýolbaşçylyk etmeginde Parlamentara bileleşigi üçin gyssagly teklipleriň ele alynan maslahatda, ysraýylly resmä söz berileninden soň ençeme ýurduň wekili, ilki bilen stollary urdylar, soň bolsa maslahatyň geçirilýän zaldan çykdylar.

TBMM-niň adyndan baş geňeşe gatnaşmak üçin ygtyýarlandyrylan deputatlar hem şol mahal Ysraýyly protest etmek maksady bilen zaly terk etdiler.

Käbir gatnaşyjylar zaldan çykan mahallary "Palestina Azatlyk" şygaryny aýtdylar.

Ysraýylly resminiň çykyşyndan soň ýurduň wekilleri zala gaýdyp geldiler.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TBMM-nyň başlygy Kot-d'Iwuarly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Milli Lideri Kurtulmuşy Kabul Etdi
Numan Kurtulmuş täze bir ulgamyň döredilmegi barada çagyryş berdi
Kurtulmuş Türki-Yslam Dünýäsine Çagyryş Etdi
Numan Kurtulmuş Döwlet Dumasynyň Başlygy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi