TBM-niň Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli we pensiýadaky raýatlary tölegsiz okuwlara çagyrýar

TBM-niň Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli we pensiýadaky raýatlary tölegsiz okuwlara çagyrýar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde esaslandyrylan Maglumat elýeterlilik merkezi Türkmenistanyň mümkinçiligi çäkli hem-de pensiýa ýaşyndaky raýatlaryny kompýuter sowatlylygy boýunça tölegsiz okuwlara çagyrýar.

Maglumat elýeterlilik merkezinde geçilýän ähli sapaklar mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen, ýöriteleşdirilen (eşitmek, görmek we kör adamlar üçin niýetlenen klawiaturalary) enjamlary ulanmak arkaly geçilýär.Okuw maksatnamasynda bolsa ýaş aýratynlygyna görä, mümkinçiligi çäkli, şeýle-de pensiýa ýaşyndaky raýatlaryň bilimleri hem-de başarnyklary nazarda tutulyp, sapaklaryň temalary Microsoft Office programmalar toplumyny we gündelik durmuşda ulanylýan beýleki programmalary öz içine alýar.

Bu sapaklarda öwrenijilere Adobe Photoshop 2022 programmasyna çenli çylşyrymlylykdaky kompýuter programmalary giňişleýin öwredilýär.

Ýeri gelende nygtap geçsek, merkeziň alyp barýan işleri ilaty döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen tanyşdyrmakdan, onuň esaslaryny öwretmekden ybarat bolup, bu ugur boýunça ýylyň başyndan bäri tölegsiz esasda köp sanly okuw-seminarlardyr ussatlyk sapaklary geçirilip gelýär.

Ýene degişli makalalar

“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
Migrasiýanyň başlygynyň talabyndan soň gidýän we gelýän raýatlara degilmeýändigi aýdylýar
Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik
Prezident Duşenbede geçirilýän suwly maslahata gatnaşýar, synçylar daşky gurşawa aladaly garaýar
Türkiýä goýberilmedik bir zenan gan basyşyndan öldi
Daşoguzda duzly tupanyň netijeleri “ýuwulýar”; hökümet dymmagyny dowam edýär