Tbiliside güýçli ýagyş we şemal şäheriň abadançylygyna zyýan ýetirdi

Tbiliside güýçli ýagyş we şemal şäheriň abadançylygyna zyýan ýetirdi

Gruziýanyň paýtagtynda gije güýçli şemal gatyşykly çabga agaçlary ýykdy we şäheriň infrastrukturasyna zyýan ýetirdi. Bu barada Tbilisiniň häkimligi habar berdi diýip, Report.az ýazýar.

Giç agşam güýçli şemal bilen köp ygal düşmegi paýtagtda kynçylyklary döretdi, esasan hem, Samgor, Krsanissk we Saburtalinsk etraplary ejir çekdi. Ýykylan agaçlar öýlere, awtoulaglara we aragatnaşyk ulgamyna zyýan ýetirdi.

Güýçli şemal öýleriň üçegini gopardy diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şäheriň degişli gulluklary tarapyndan Tbiliside tebigy hadysanyň zyýanyny aradan aýyrmak boýunça işler geçirildi.

Şäheriň hakimligi ýetirilen zyýany hasaplaýar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda işlemäge başlady
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy
Tbiliside Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
Tbiliside Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň ilçihanasy Ahundowyň öýi galereýasynda sergi gurady