Taýwandaky hassahanalaryň birinde ýangyn boldy

Taýwandaky hassahanalaryň birinde ýangyn boldy

Taýwanyň CNA habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä, Donggang etrabyndaky hassahanada düýn günortan ýangyn ýüze çykdy.

Hassahananyň motor bölüminde başlandygy bellenen ýangynda 8 syrkaw bilen hassahananyň 1 işgäri ýogaldy.

Ýangyn söndürijiler ýangyny gözegçilik astyna aldylar, 323 syrkaw halas edilip, başga hassahanalara gönükdirildiler.

Dereksiz ýitendigi pikir edilen syrkawlaryň biriniň bolsa öz mümkinçilikleri bilen hassahanada çykyp halas bolandygy mälim edildi.

Ýangyna motor otagynda enjamlaryň ýa-da elektrik bölekleriniň näsazlygy sebäpli başlan bolup biljekdigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
ABŞ-da Tokaý Ýangynlary Sebäpli 1 Adam Ýogaldy
Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Ýangynlary söndürmek üçin ykjam diň
Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy
GAZ ENJAMLARYNDA ÝANGYN HOWPSUZLYK ÇÄRELERI