Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherindäki mal bazarlarynyň birinde bolan ýangynda müňlerçe haýwana zyýan ýetdi.
Bangkok Post tarapyndan berilen habara görä, mal satylýan 118 dükanyň ýerleşýän bazarda bolan ýangynda, ençeme mal öldi.
Ýangyn ýangyn söndüriji gullugyň tagallalary bilen söndürildi.
Dükanyň eýeleriniň biri balyk, pişik, it, maýmyn we ençeme ekzotik haýwanyň satylýan bazardaky ýangynyň dükanlaryň birinde itler üçin açyk ýagdaýda goýulan wentilýatordan başlandygyny öňe sürdi.