Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy

Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy

Gözleg we halas ediş toparlaryndan berilen beýanatda, Suphan Buri şäherindäki feýerwerk öndürýän fabrikde partlama bolandygy mälim edildi.

Bangkok Post gazediniň habar bermegine görä resmiler partlamada 22 işgäriň ýogalandygyny habar berdiler.

Ady agzalan fabrigiň kanuny kadalara laýyklygynyň derňelýändigini aýdan resmiler, partlamanyň geleňsizlik sebäpli ýüze çykmagynyň ähtimallygynyň derňelýändigini bellediler.

Sosial mediada berilen beýanatda fabrikiň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigi beýan edildi.

Şol fabrikde 2022-nji ýylyň noýabr aýynda hem partlama bolupdy. Ol hadysada bolsa ýene-de 1 adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 2 Adam Ýogaldy
Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy
Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy