TAWUS GUŞ SIMALY, ÜTELGI GÖZLI

TAWUS GUŞ SIMALY, ÜTELGI GÖZLI

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halkyň mähri, durmuş yhlasy we döredijilik tejribeleri siňen, tebigatyň, gözelligiň we söýginiň jadyly mukaddesliklerini özünde jemleýän ýüze golaý eserlerinde kyrkdan gowrak guşlaryň atlary duş gelýär.

Sözleriň many aňladyjylyk güýjüni, täsirliligini we çeperçilik öwüşginlerini deňeşdirme, meňzetme we salgylanma usullarynda kämillik derejede açyp görkezmek maksady bilen parasatly dana özüniň eserlerinde 10 sany guşuň (bilbil, gaz, laçyn, bürgüt, garga, käkilik, ördek, totuguş, torgaý, kepderi) atlaryna, häsiýetlerine we mähribanlyk hormatyna ýygy-ýygydan we önümli ýüzlenýär. Şolaryň hataryna ütelgi guşyny hem goşmak bolar. Şahyr özüniň Şal tapsa we Gyş bolar atly liriki eserlerinde bu guşa aýratyn hormat, arzylyly ylhamyny bildiripdir.

Türkmen edebi diliniň awçylyk leksikasynda ütelgi guşy hojalyk maksatlary üçin eldekileşdirilýän, laçynlar maşgalasyna degişli bolan ýedi sany ýyrtyjy guşlaryň biri hasap edilýär.Mürüşgärleriň aýratyn sarpalaýan bu guşuň agramy 750-950 grama golaý ölçeglerde bolýar.

Merkezi Aziýa sebitleriniň tebigy gurşawlarynda bu guşuň Türküstan ütelgisi we adaty ütelgi diýilip atlandyrylýan ýabany nusgalary köp duş gelýär.Mähriban watanymyzda ütelginiň bedeniniň daşky üsti çypar, goňur reňkler, petekesiniň we gözüniň aşaky bölekleri agymtyl hem-de garamtyl ownuk damjaly şekillere meňzeş menekler bilen örtülen görnüşleri köp duşýar.

Milli awçylyk senediniň hünärmenleri, mürüşgärler her ýylyň maý aýynyň 15-20-lerine ýaş ütelgi jüýjeleri höwürtgelerinden alyp eldekileşdirip başlaýarlar.Asman giňişlikleriniň 3-5 kilometr belentliklerinden zemin astyndaky aw önümlerini-oljalary daň agaryp başlanda, Günüň şapagy batyp ugranda we gündizki pursatlarda saýgarmakda, görmekde, basyp almakda, ugruny takyk, dürs kesgitlemekde we yzyny çalmakda hem-de uçup barýarka awuny awlamakda üç sany (laçyn, bürgüt) guşuň biri ütelgi hasap edilýär.

Bu guşlarda aw senedinde ýiti, ötgür, kesgir, howply, berdaşly dyrnaklary, berk, gaty penjeleri we ösgün ýelekleri uly hyzmaty ýerine ýetirýärler.

Aw üçin ýokardan aşak topulanda üteginiň tizligi sagatda 100-120 kilometr tizlikde hereket edýär. Ütelgini ganatynyň ýazgyn haldaky uzynlygy 41-46 santimetre, bedeniniň umumy uzynlygy 4955 santimetre golaýlaýar.Güneşli diýarymyzda ýabany ütelgiler gyrlaryň, baýyrlaryň, düzlükleriň eteklerinde, dag gaýalarynda, kertlerinde we guran derýa akabalarynyň hanalarynyň, jülgeleriň, gür, geçmesi kyn jeňňellikleriň, tokaý ösümlikleriniň ugrunda jübüt bolup ýaşaýan oturymly maşgalalarynyň, uçup geçýän, wagtlaýyn ýaşaýan we möwsümleýin höwürtgeleýän görnüşleri her ýyl hasaba alynýar.

Mürüşgärler ütelgi guşlaryny tebigy jäheklenilen reňklerine we ýaşaýyş häsiýetleri boýunça duş gelýän alamatlaryna görä, gubaguş, akguş, açykguş, boz ütelgi, garaguş, gyzylguş, ýekebozagan, garaýowşan, balaban we zerli ütelgi guşlarynyň toparlary arkaly tapawutlandyrýarlar. Ütelgi söziniň manysy hatasyz kakýan, kuwwatly urýan, mergenligiň janly peýkamy, taplanan elguşlaryň emiri diýmekligi aňladýandygy ýazuw ýadygärliklerinde bellenilýär.

Orta asyrlaryň edebi, taryhy miraslarda, çeşmelerinde çeper waspy köp duş gelýän ütelgi guşlary durmuşda çalasynlygyň, hüşgärligiň, ezberligiň, düşbüligiň, dogumlylygyň we rowaçlygyň nyşany hökmünde kabul edilýär.

Mähriban watanymyzyň gözel künjeklerine, suw ýataklarynyň eteklerine, Üstýurdy, Köpetdagy, Köýtendagy, Bathyzy, Garabili we Sarygamyşy etekläp oturan giň öri we ýaýlaly mekanlaryň gyrymsy, otjumak menzillerine, goraghana çäklerine ýabany ütelgiler her ýylyň oktýabr aýynda gelip başlaýarlar.

Mart aýynyň ahyrlary we aprel aýynyň başlary ütelgileriň jübütleşme döwri hasap edilýär.Bir maşgalada ene ütelgi 26-28 günüň dowamynda ýumurtgalary basyp 1-3 sany ýaş jüýjeleri kemala getirýärler. Ütelginiň horazyna saryja, köpelmäge ýetişen mäkiýan görnüşine eneguş diýilýär.

Hojalyk şertlerinde ütelgini idetmek üçin awçylyk hünärmentçiliginde 40-a golaý esbaplar, sözsüz buýruklar, iýmitlik, yzçylyk, daňy baglarynyň serişdeleri, halklary, ýaş aýratynlyklarynyň adalgalary, edebi dilimiziň içki serişdeleriniň umumy gymmatlyklary işewür ulanylýar. 20 ýyla golaý ömür sürýän ütelgi guşlary awçylyk sungatynda 10-a golaý süýdemdiriji haýwanlary awlamakda hojalygyň iň ygtybarly, söýgetli we synagdan geçen gadyrly ganatly dostlarymyzyň biri hasap edilýär.

Awyň şowly tamamlanan pursadyndan soňra ütelgä her aw etiniň 12-den bir bölegi berilýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, ütelgi bar ýerine serçe, gyrgy, bedene, sülgün, gögerçin, garga, bilbil, garlawaç, leglek, baýguş, turaç, gumry, durna gelmeýär.Birnäçe maddy gymmatlyklaryň sanawy boýunça Gennesiň rekordlar kitabynda orun alan gözel paýtagtymyzy etekläp oturan janly tebigatyň milli muzeýinde seýrek, aýratyn gymmatly, az duş gelýän ütelgi guşlaryň birnäçe nusgalaryň saklanylmagy düýä jahankeşdeleri, syýahatçylary we ülkäni öwrenijileri haýrana goýýar.

Irki orta asyr harby goşunlaryň baýdaklarynda ütelgi guşynyň şekiliniň ýerleşdirilmegi ýeňşiň, sahawatyň we gaýduwsyzlygyň nyşany hökmünde kabul edilipdir.

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň baýlyklarynyň öwrenilmegi, taryhy-edebi gymmatlyklaryň döredilmegi, gaýtadan dikeldilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy ugrunda atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň rowaç, janlarynyň sag bolmagyny arzuw edýäris!

Ýene degişli makalalar

Garagumyň ummasyz baýlyklary
Türkmen häkimiýetleri çabga ýagyşlaryň we siliň gelmegine taýýarlyk görýärler
Garagum çöli özboluşly bioulgam we tebigy gözellikdir
Türkmenistan kaliý dökünlerini öndürjek ikinji zawody gurmak üçin tender yglan etdi
Türkmenistan Garlyk kombinatynyň gurluşygy boýunça Belarus bilen henizem hasaplaşanok
'Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat diňe 7% kuwwatyny işledýär'