“Tatnebit” Türkmenistandaky 300 sany boş duran nebit guýysyny täzeden işe girizmekçi

“Tatnebit” Türkmenistandaky 300 sany boş duran nebit guýysyny täzeden işe girizmekçi

26-njy oktiýabrda prezident Berdimuhamedow nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçylary we Tatarystanyň açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen maslahat geçirdi.Olar Aşgabatda geçýän “Türkmenistanyň nebiti-gazy-2021” atly XXVI halkara ýygnaga gatnaşmaga geldiler.Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew Balkan welaýatyndaky Goturdepe we Altyguýy ýataklarynyň döwrebaplaşdyrylyşy barada maglumat berdi.

Bellenşine görä, “çylşyrymly geologiýa gurluşy we köpsanly bozulmalar sebäpli, Goturdepe ýatagy dört sany -Merkezi, Günbatar, Gündogar we Demirgazyk böleklere bölündi”.

Emeldar “Tatnebit” bilen birlikde taýýarlanan taslamany prezidente hödürledi.

Hususanda, bar bolan şertnama boýunça pesinden 300 sany boş duran hem ýapylmagy meýilleşdirilen guýyny abatlamak we işe girizmek üçin Goşmaça ylalaşyga gol goýmak göz öňünde tutulýar.

Ýer titreme boýunça barlaglaryň netijeleri barada bütewi maglumatlar toplumy döredilip, Goturdepe ýatagynyň 3D modeli guruldy we 52 sany gözleg guýysy döredildi.

Şeýle işler Altyguýy ýatagynda hem amala aşyrylar.

“Tatnebitiň” baş ýolbaşçysy Nail Maganow Türkmenistanyň günbataryndaky birnäçe ýatakdaky işler barasynda hasabat berdi. Iş adamy “ýurdyň ýataklarynydaky nebitiň öndürilişini iki esse köpeltmäge ýardam etjek anyk işler” barada wideo çykyş etdi diýip TDH habar berýär.

Şonuň ýalyda, Goturdepe ýatagyndaky operatora ýatyrylmagy meýilleşdirilýän sermaýa bilen bagly maglumat berildi we onuň özleşdirilmegi bilen Türkmenistanyň JHÖ goşandy barada deslapky görkezijiler getirildi.

Berdimuhamedow pudak boýunça hünärmenleriň “Tatnebitiň” tekliplerini tehniki, ykdysady hem söwda nukdaý nazardan öwrenmegi hem olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna, taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini barlamagy tabşyrdy.

Baýgeldiýewe we nebit-gaz pudagyna jogapkär wise-premýer Şahym Awdyrahmanowa nebit-gaz pudagyna çet ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin işleri çaltlandyrmak we bar bolan guýylaryň abatlanyşyny ösdürmek buýruldy.

“Tatnebitiň” saýtynda bu duşuşyk barada habar berilmedi.The post “Tatnebit” Türkmenistandaky 300 sany boş duran nebit guýysyny täzeden işe girizmekçi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Prezidentler Wladimir Putin we Serdar Berdimuhamedow Moskwada gepleşik geçirdiler we metbugat üçin beýanat etdiler
Türkmenistanyň Hazar ýalpaklarynda “Tatnebitiň” işlejekdigi baradaky beýanatyň nädereje hakykatdygy barada Tatarystanyň baştutanyndan soraldy
Türkmenistan ýene KAMAZ alýar, “Tatneft” hyzmatdaşlygyny giňeldýär, Kazanda adamlar toýa goýberilmeýär
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar
Berdimuhamedow Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Tatneft” Türkmenistanda 300-e golaý guýulary abatlamagy meýilleşdirýär