Tatarystanyň wekiliýeti Izmirde saparda bolýar

Tatarystanyň wekiliýeti Izmirde saparda bolýar

Izmiriň Söwda palatasyndan berilen beýanata görä, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Söwda we senagat palatasyna agza bolan 13 kärhana, işewür adamlar bilen duşuşyklar geçidiler.

Izmiriň Söwda palatasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Mahmut Özgener, Türkiye bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda kuwwadynyň özgerýändigini, taraplaryň ikisiniň hem şol gatnaşyklary özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda tutanýerlidiklerini beýan etdi.

Mahmut Özgener: "Hyzmatdaşlygymyz diňe söwda bilen çäkli däl, energiýa, transport, gurluşyk we awtoulag başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça sanlary barha artýan türk maýa goýumlary bilen günsaýyn has hem çuňlaşýar" diýip habar berdi.

Jemi 200-e golaý türk kärhananyň tapawutly pudaklardan 13 tatar kärhanasy bilen duşuşyklar geçirendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy
Türkiýede Ýerli Saýlarlar Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady
Energetikada Merkezi Ýurt: Türkiye
Fahrettin Koja 2024-nji ýylda dogulan ilkinji bäbekleriň suratlaryny paýlaşdy