Tatarystanyň saglygy goraýyş ministri Sadykow aradan çykdy

Tatarystanyň saglygy goraýyş ministri Sadykow aradan çykdy

Düýn, 29-njy ýanwarda Tatarystanyň saglygy goraýyş ministri Marat Sadykow aradan çykdy, ol 53 ýaşyndady diýip, Interfax.ru habarlar gullugy Respublikanyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berdi.

Habarda Sadykowyň ýolbaşçylyk eden döwründe Tatarystanyň saglygy goraýyş ulgamynyň güýçli ösendigi bellenýär. Birgiden milli maksatnamalar amala aşyryldy, ýürek-damar keselleri netijesinde ölümiň derejesi peseldi, birgiden saglygy goraýyş merkezleri guruldy.

Sadykow 1970-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda doguldy, Kazanyň lukmançylyk institutyny pediatriýa ugry boýunça tamamlady. Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Tatarystan Respublikasynyň at gazanan lukmany. Birgiden döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.

Merhumy şu gün— 30-njy ýanwarda soňky ýoluna ugratmak çäresi bolar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyzystanda Ýerli Mejlisleriň Işi Bes Edildi
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Owganystan Sil Betbagtçylygyna Garşy Göreşýär