Tatarystandakky Kazan halkara howa menzili uçar saparlaryna ýapyldy

Tatarystandakky Kazan halkara howa menzili uçar saparlaryna ýapyldy

Rus metbugatynyň habaryna görä, Rosawiatsiýa edarasy çäklendirmeleriň, Moskwa wagty bilen irden sagat 07:00-dan başlap güýje girendigni we uçar saparlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň maksat edinilýändigini habar berdi.

Kazan halkara howa menziline gonmagy meýilleşdirilen uçarlar bolsa Samara howa menziline gönükdirilýär.

Rus Telegram kanaly Baza uçar saparlarynyň togtadylmagynyň uçarmansyz howa ulag howpy bilen arabaglanşykldygyny mälim etdi.

Kazan halkara howa menzili aprel aýynda hem uçarmansyz howa ulag howpy sebäpli ýapylypdy.

Kazan halkara howa menzili Iýun aýynda hem howpsuzlyk sebäpli wagtlaýyn häsýetde ýapylypdy.

Russiýa-Ukraina serhedinden 900 km uzaklykda bolan Kazan, ozal Ukraina degişli dronlar tarapyndan nyşana alynyp hüjüm guralypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Türkmenistanyň 18 tonna pomidory ýok edildi
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Rosteh Türkmenistana gaz turbinaly dwigatelleri iberer
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
11 şäher, 12 stadion