Tatarystan Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakçy

Tatarystan Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakçy

Tatarystanyň premýer-ministriniň orunbasary, Oba hojalyk we azyk ministri Marat Zýabbarow anna güni Kazanda Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew bilen geçirilen duşuşykda Tatarystanyň Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak isleýändigini aýtdy.

Marat Zýabbarow Tatarystanyň Türkmenistana däne, günebakar ýagy, şeker, çaga iýmiti, süýt önümleri, şol sanda gury süýt we peýnir önümlerini ibermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar oba hojalygy, azyk önümçiligi, agrosenagat, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň ösüşi we geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly öz gezeginde Marat Zýabbarowy Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem duşuşygyň çäginde Güýç Garaýew şu ýylyň mart aýynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar bilelikdäki iş toparynyň mejlisiniň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Tatarystandaky Baş konsuly ýurduň premýer ministriniň orunbasary bilen oba hojalyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Röwşen aýakgaplary güýz-gyş möwsümi üçin aýakgaplaryň täze toplumyny hödürleýär
Röwşen aýakgaplary indi Berkarar we Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerindäki Maraton dükanlarynda hödürlenýär