Tatar ýurdunyň dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny aýtdy

Tatar ýurdunyň dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny aýtdy

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Fuat Oktaý we komissiýanyň agzalaryny kabul etdi.

Tatar we Oktaý duşuşykdan ozal metbugata beýannama berdiler.

Türkiye bilen dowamly häsýetde geňeşmeler geçirýändiklerini aýdan Ersin Tatar, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji we 78-nji sessiýasynda DKTR-nyň ykrar edilmegi baradaky çagyryşynyň, DKTR-daky täze syýasatynyň esasyny güýçlendirendigini aýtdy.

Ersin Tatar DKTR-nyň Türki Döwletleriň Guramasyndaky synçy statusyna we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň DKTR-nyň baýdagynyň ýurdunda pasyrdamaga dowam etjekdigi baradaky beýanatyna ünsleri çekip, ýurdunyň bütin dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny beýan etdi.

Fuat Oktaý hem DKTR-nyň döwlet hökmünde ykrar edilmegini arzuw edýändiklerini belläp, ähli işleriniň şol ugurdadygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Siriýanyň demirgazygynda ýaralanan türk esger şehit boldy
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlarıň Sany 1541 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 284 Adama Ýetdi
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy