Tatar Türkçesi - 2

Tatar Türkçesi - 2

Eziz ildeşler Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 7-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen bilelikde. Prof. Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Said Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanýan gepleşigimiziň 6-njy bölüminde gysgaça tatar türkleri we olaryň gündogar türkleriň taryhyndaky ornunyň üstünde durup geçipdik. Şu gün bolsa Tatar türk dilini sosiolinguistik taýdan gysgaça ele alarys.

Tatar Türkçesi Türk diliniň Gypjak toparyna degişli bir dildir. Şol toparyň düzüminde bolan Krym tatar türkçesinden tapawutlandyrmak üçin, kämahallar “Kazan tatar dili” ýa-da “Wolga tatar dili” diýip hem atlandyrylýar. Şu günki gün esasan hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gepleşilýär.

Tatar türkçesi Tatarystan Respublikasyndan başgada Başgyrdystan, Gazagystan, Rumyniýa, Hytaý, Türkiye, Finlýandiýa, Ukraina, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, ABŞ, Täjigistan we käbir Ýewropa ýurtlarynda, ýagny giň bir geografiýada ulanylýar.

Tatarlaryň bir bölegi 18-nji we 19-njy asyrlarda Wolga derýasynyň kenaryndan Günbatar Sibire göçdiler.Ady agzalan sebitde gepleşilýän tatar türkçesi, Wolga tatar diliniň Günbatar Sibir dialekti hökmünde bilinýär.

Irtyş jülgesinde, Tobolsk, Týumen, Tomsk we Baraba sebitlerinde gepleşilýän hem bolsa, häzirki wagtda sebitde rus diliniň giňden ulanylmagy bilen ulanylyş mümkinçiligi çäkli galdy.Türkiyäniň Konýa welaýatynyň Jihanbeýli etrabynda gepleşilýän tatar türkçesiniň gelip çykyşy hem tatar türkçesiniň Günbatar Sibir dialektinden gözbaş alyp gaýdýar. Şol sebäpli ady agzalan etrabyň ýaşaýjylary Sibir türkleri ýa-da Sibir tatarlary hökmünde tanalýar.

Sibir tatarlary Türkiyä Rus Patyşalygy zamanynda gyrgynçylyk we mejbury migrasiýanyň netijesinde 1908-nji ýylda geldiler.

Tatar türkçesiniň ýazuw dili baý medeni mirasa we çuňňur taryhy geçmişe eýedir.Tatarlar Orta Aziýadan Ýewropa uzap gidýän giň geografiýada ýaşaýan türki halk bolup, dilleri hem taryhyň dowamynda tapawutly dillerden täsir alypdyr. 1303-nji ýylda kopiýa edilendigi bilinýän “Codex Cumanicus” eseriniň dili, “Tatarça, Tatar dili” hökmünde geçýär.

Ady agzalan eseriň dili gönüden döwrebap Tatar türkçesi hökmünde häsýetlendirip bolmaz, emma “Codex Cumanicus”-yň dili bilen Tatar türkçesiniň arasynda möhüm arabaglanşyklar bar. Şol sebäpli käbir alymlar tarapyndan “Codex Cumanicus” eseriniň dilini köne tatar dialekti hökmünde häsýetlendirýärler.

Tatar türkleri 19-njy asyryň ortalaryna çenli Çagataý türkçesi diýip atlandyrylýan ýazuw dilini ulandylar. Ady geçen asyryň ahyrynda öz dialektleri, ýagny Kazan tatar dili bilen ýazmaga başladylar. Şonuň saýasynda şu günki tatar ýazuw diliniň düýbi tutuldy.

Yslamy kabul eden wagtlary bolan 10-njy asyrdan 1927-nji ýyla çenli arap elipbiýini ulanan tatar türkleri, 1927-nji ýyldan 1939-njy ýyla çenli bolan aralykdaky 12 ýylyň dowamynda SSSR-yň düzüminde ýaşaýan türki halklaryň arasynda özgerdilen Latyn elipbiýi esasyndaky umumy türk elipbiýini ulandylar.

SSSR-yň serhetleriniň çäklerinde ýaşaýan ähli türk halklarynyň Kril elipbiýi esasyndaky elipbiýine geçiş tapgyrynyň netijesinde tatar türkleri hem 1939-njy ýylda şu günki gün ulanýan täze elipbiýi kabul etdiler.

Tatarlar Russiýa Federasiýasynyň serhetleriniň çäginde iň uly azlyk bolmak bilen birlikde, dilleri hem rus dilinden soň iň köp ulanylýan 2-nji dildir.Emma tatar türkleri Russiýanyň ençeme sebitinde dargandyklary üçin, sebitdäki her bir jemgyýet bilen az ýa-da köp görnüşde gatnaşyk içinde boldy. Şol sebäpli tatar türkçesiniň esasan hem Tatarystan Respublikasynyň serhetleriniň çäginde ösmegine, beýleki sebitlerde bolsa rus diliniň täsiri astynda galmagyna sebäp döretdi.

Şu günki gün Russiýa Federasiýasyna degişli bolan Tatarystan Respublikasynda gepleşilýän tatar türkçesi rusça bilen birlikde resmi dil ýagdaýyndadyr. Tatar türkçesi tatar ilatynyň bilim ulgamynada aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý tatar türkçesiniň goralmagy we ösmegi taýdan oňyn faktordyr.

Tatar türkleri, olaryň Gündogar türkleri taryhyndaky orny we tatar türkleri barada gysgaça gürrüň berýän bölümimizi tamamlaýarys. Nobatdaky bölümde türk dialektiniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys. Hoş sag boluň.

Gepleşigimiz TRT TSR üçin Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Çuwaş türkçesi
Saha Türkçesi - 2
Saha Türkçesi - 1
Tatar Türkçesi - 1
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
Uýgur Türkçesi