Tatar Türkçesi - 1

Tatar Türkçesi - 1

Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 6-njy bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen birlikde. Şu gün bolsa Tatar türkleri we olaryň gündogar türkleri taryhyndaky ornunyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Türk dili 15-nji asyryň başyndan 20-nji asyryň ilkinji ýyllaryna çenli, gündogarda çagataý türk dili, günbatarda osmanly türk dili diýip atlandyrylan 2 aýry ýazuw diliniň esasynda özgerdi.Türk dilinde gepleýänler ady agzalan döwürde günbatarda taryhyň iň güýçli we iň uzak möhlet dowam eden Osmanly imperiýasy bilen iň ösen döwrüni başyndan geçiren bolsa, gündogarda Altyn Ordu hanlygynyň dargamagy bilen täze toparlar emele geldi.

Olaryň hatarynda Kazan, Krym, Astrahan, Sibir we Türkistan hanlyklary bardy.Kazan tatarlarynyň taryhy şol döwürde Wolga derýasynyň kenarynda esaslandyrylan Kazan hanlygyndan gözbaş alýar.Ady agzalan hanlygyň 1552-nji ýylda Şa IV Iwan tarapyndan Rus imperiýasynyň düzümine goşulmagy bilen gündogar türkleriniň taryhynda täze bir döwür başlady. Şol döwrüň dowamy bolan, şu günki Türki dilli Respublikalaryň we halklaryň serhetleri başda bolmak bilen, olaryň medeniýetine we diline häzirki görnüşini almaga ýol açdy.

Başgaça aýdanymyzda gündogar türkleriniň ruslaryň häkimiýeti astyna girmeginiň başlangyç nokady boldy. Şol sebäpli Kazan hanlygy, diňe tatar türkleriniň taryhynda däl, eýsem şol bir wagtda türk dünýäsiniň taryhy taýdan hem öwrülişik nokady diýip bolar.

Tatar sözüne ilkinji gezek Orhun ýazgytlarynda “Otuz Tatar” we “Dokuz Tatar” atlary bilen duş gelýär.Emma ýazgylardaky bu etniki atlaryň türk kowymlary üçin däl, mongol kowumlary üçin ýazylandygy çak edilýär.

Tatar ady ondan soň Mahmud Kaşgarlynyň meşhur “Diwany Lugat et-Türk” (Türk Dilleriň Diwany) eserinde gabat gelmek bolýar.Mahmud Kaşgarly ady agzalan eserinde tatar türklerini bir türk kowumy hökmünde ele alýar.

Käbir alymlar tatar türkleriniň türkler bilen mongollaryň garyndysyndan ybarat kowumdygyny öňe sürýärler.Emma aglaba alym mongollaryň basyp alyşlygynda Gara deňiziň demirgazygynda çarwa Gypjaklaryň ýaşan, sebite gelen mongollaryň bolsa türk kowumlar bilen birleşip, wagty bilen türk dilini ulanmaga başlandyklary baradaky tezisi goldaýarlar.

Tatarlaryň öz atlary bilen ýüze çykyşy bolsa Altyn Ordu zamanyndan gözbaş alýar.

Häzirki wagtda Wolga sebitinde ýaşaýan tatar türkleri bilen Krym ýarymadasynda ýaşaýan tatar türkleri, Altyn Ordu zamanynda bilelikde ýaşasalar hem, Kazan hanlygy we Krym hanlygy wagtynda biri-birinden uzaklaşdylar.Taryhyň dowamynda Krym tatar türkleri 15-18-nji asyrlar aralygynda Osmanlynyň serhetleriniň çäginde ýaşadylar.

Wolga derýasynyň kenarynda ýaşaýan tatar türkleri bolsa 16-njy asyrda Kazan hanlygynyň dargamagy bilen rus häkimiýetiniň astyna girdiler.Bu tapgyr Rus patyşalygy we SSSR-den soň, şu günki gün Russiýa Federasiýasyna bagly bolup dowam edýär.

Şu gün biz size tatar türkleri we olaryň gündogar türkleri taryhyndaky orny barada gysgaça maglumat berdik. Nobatdaky bölümimizde bolsa tatar türkçesini sosiolinguistik taýdan gysgaça ele alarys.

Gepleşigimiz TRT TSR üçin Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň maslahat bermeginde, Dr.Saida Burkahanidinowa tarapyndan taýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Tatar Türkçesi - 2
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
Kumyk Türkçesi
Çuwaş türkçesi
Saha Türkçesi - 2
Saha Türkçesi - 1