Tatar halkynyň beýik ogly Abdulla Tukaý

Tatar halkynyň beýik ogly Abdulla Tukaý

Hepdelik tapgýrlaýyn gepleşigimiziň 19-nsy asyryň ahyrlarynda we 20-nji asyryň başynda türki halklaryň ýaşlarynyň ileri tutan, intellektual türki ýaşlarynyň bütin türki ülkerlerde kabul eden Jadid hereketiniň öňbaşçylaryndan, tatar halkynyň beýik ogly Abdulla Tukaý hakynda söhbet etmekçi.

Abdulla Tukaý, 1886-njy ýylyň 26-njy aprelinde Gazan şäheriniň Menger etrabynyň Kuşlawyç obasynda 7 arkadan ymam bolan maşgalada dünýä inýär.Kakasynyň ady Muhammet Arif, ejesiniň ady Memdude hanym.

Abdulla Tukaý, dünýä inenden bäş aý soň kakasyny, üç ýyl soň bolsa ejesini ýitirýär. Ýetim galan Abdulla Tukaýa hossarlaryndan hiç kim eýe çykmandyr we şol sebäpli hem belli bir ýerde kemala gelmeýär.

Abdulla Tukaýyň çagalyk ýyllary şol sebäpli söýgüden mahrum, ýoksul we kynçylykly geçýär.

Abdulla Tukaý 9 ýaşynda ogullyga berilen maşgalasyndan alynyp, kakasynyň Azize atly aýal doganynyň ýanyna, Jaýyk şäherine alynyp gidilýär we ol ýerde 12 ýyl ýaşaýar.Körekeni ony Jaýykdaky Mutiullah medresesine berýär. Şahyr, soňky ýyllarda ýazan goşgusynda şol medresede geçen ýyllaryny “ýesirlik durmuşy” hökmünde suratlandyrýar.

Emma Matiullah medresesi Abdulla Tukaýyň edebi şahsyýetiniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.Sebäbi bu medrese köne usulda bilim berýän medreselere garalanda täzelige açykdy.Talyplar Stambuldan gelýän gündelik gazetleri we žurnallary okamaga hem-de medresäniň ýanyndaky rus synpynda-da gatnama mümkinçiligine eýedi.

Abdulla Tukaý, Matiullah medresesinde talypka bilimde täzelik islegi bilen başlap, emma jemgyýetçilik durmuşyň ähli ugurlarynda täzeligi hem-de ösüşi maksat edinýän “Jadidçilik” ýa-da “magaryfatçylyk” ýaly pikir akymlaryndan hem habarly bolýar.

Abdulla Tukaý, 1904-nji ýylda talyplyk bilen bilelikde Matiullah Efendiniň ogly Kämil Mutiniň neşirýat öýünde işe başlaýar. 1905-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Patyşa Nikolaý 2-njinin käbir hukuklar hakyndaky jarnamasy yglan edilýär.

Kämil Muti hem ondan peýdalanyp “Pikir” atly gazetini çap etmäge başlaýar.Abdulla Tukaý hem şol gazetde we soňky ýyllarda-da Kämil Muti tarapyndan çykarylan “Jadit” atly edebi we “Uklar” atly satira gazetlerinde işleýär hem-de ilkinji goşgularyny şol gazetlerde neşir edýär.

Garyp halka bilim bermek, olary agyr durmuş şertlerinden halas etmek düşünjesini ýaýbaňlandyrmak üçin ýazan goşgulary hem ilkinji tejribeleriniň arasynda orun tutýar.

1907-nji ýyl Abdulla Tukaý üçin uly özgerlişik ýyly bolýar. Şol ýylyň başynda Matiullah medresesinden aýrylan Abdulla Tukaý köne usulda bilim berýän medreseleri tankyt edýän goşgular ýazýar. Şol ýyl Kämil Mutiniň tussag edilmegi we “Jadit” hem-de “Pikir” gazetleriniň ýapylmagy sebäpli Abdulla Tukaý hem işsiz galýar.

Abdulla Tukaý şol sebäpli 1907-nji ýylyň ahyrynda gysga ömrüniň ahyryna çenli ýaşan şäheri bolan Gazana ýerleşýär. 1907-nji ýylyň 3-nji iýunynda rus patyşasynyň 2-nji Döwlet Mejlisini ýatyrmagy ýaly ýaramaz wakalar şahyry göwniçökgünlige sezewar eden hem bolsa, döwrüň gysyşlaryna we kynçylyklaryna garamazdan goşgy ýazyp, halka ýol görkezmekden el çekmejekdigini görkezýär.

Abdulla Tukaý ilki “Reforma” we soň Ali Asgar Kemal bilen bilelikde 1908-nji ýylyň iýun aýynda çykarmaga başlan “Ýeşin” atly satira žurnalynda hem goşgularyny çap edýär. 1909-njy ýylyň mart aýtynda “Ýalt-Ýult” atly täze bir žurnal çykarmaga başlan Abdulla Tukaý, döwrüň gysyşlarynyň täsiri bilen satira formasyndaky goşgulara ýönelýär. Şol formada iňňän çeper goşgular ýazýar.

Jemgyýetdäki kynçylyklaryň ýany bilen şahyryň durmuşyndaky kadasyzlyk, maşgala mährinden mahrum pansionatlarda geçiren hassalykly durmuşyň täsiri bilen 1909-njy ýyldan soňky goşgularynda umytsyzlyk höküm sürýär. İçki dünýäsini beýan edýan “Üzülen umyt” atly goşgusy, jemgyýetdäki gatlaklaryň arasyndaky ýalňyzlygyny, ykbalyň öňündäki ejizligini, içgin hem-de liriki häsýetde beýan edýär.

Iň uly arzuwy watanyň azatlygy, milletiň azat-erkana gülläp ösmegi we eşretli ýaşamagy bolan Abdulla Tukaý, 27 ýaşynda ömrüniň baharynda 1913-nji ýylyň 27-nji aprelinde inçekeselden ýogalýar.

Tatar halky Abdulla Tukaýyň aradan çykmagyndan soň onuň goşglaryny kitap görnüşinde çap edip, heýkellerini oturtmakdan bilen çäklenmän, onuň adyndan we eserlerinden ylham alyp täze sungat eserlerini döredipdiler. “Tukaý” atly sahna oýuny ýazylýar, Abdulla Tukaýyň “Şireli” atly goşgusyndan ylham alyp, balet kareografiýasy taýýarlanýar.

Meşhur tatar kompozitory Ferit Ýarullin hem onuň sazyny ýazýar.Ençeme goşgusyna aýdymlar düzülýär. 1974-nji ýylda Ahmet Feýzi atly ýazyjy “Tukaý” atly roman ýazýar.

20-nji asyryň başlarynda tatar halkynyň syýasy we sosial durmuşyny, ruhy medeniýetini, geljek bilen bagly arzuwdyr umytlaryny Abdulla Tukaýyň eserlerinden öwrenmek mümkin. Has açyk söz bilen aýdylanda Tukaýyň eserlerinde tatarlaryň “milli düşünje” formasyna göz ýetirmek bolar.

Abdulla Tukaý diňe bir tatarlar üçin däl, bütin gündogardaky türki halklaryň arasynda şöhrat gazanan şahyrdy.Onuň goşgulary 1908-nji ýyldan başlap ençeme türki dillere terjime edilip, çapdan çykarylýar.

Türküstanly Hajy Muini, Mirmuhsin we Muhammed Şeralin atly ýazyjylar 1913-14-nji ýylllarda Abdulla Tukaý hakynda makalalar ýazýarlar.Gysga ömrüne garamazdan halky üçin zähmet çeken we göreşen Abdulla Tukaý tatar halkynyň kalbynda baky ýaşar.

Ýene degişli makalalar

Iordaniýanly we Liwanly Kärdeşler Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Özbegistanyň prezidenti täze hökümediň düzümini tassyklady
Abu-Dabide türkmen-emirlikler syýasy geňeşmesi geçirildi
Aripow Özbegistanyň Hökümet başlyklygyna gaýtadan saýlandy
Ysraýyl Gazada 27 Günde 1200-den Gowrak Palestinalyny Öldürdi
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi