Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi

Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň guramagynda Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Hristodulidis bilen resmi däl agşam naharynda duşuşan Tatar, DKTR-na gaýdyp geldi.

Tatar Ercan howa menzilinde beren beýannamasynda grekler bilen resmi gepleşikleriň diňe Kipriň türk böleginiň özygtyýarly deňligi we halkara hukuk derecesi ykrar edilen halatynda mümkin bolcakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

50 ýyldan bäri dowam edýän federasiýa esaslanýan gepleşiklerden netice çykmandygyny we soňky gezek 2017-nci ýylda Şweýsariýanyň Krans Montana şäherçesinde grekleriň stoluň başyndan turmagy bilen gutaran gepleşik tapgyrynyň çökendigini ýatladan Tatar, şolbir düşünce bilen gaýtadan gepleşik geçirmegiň hiç hili manysynyň ýokdugyny degişli taraplara beýan edendigini aýtdy.

Tatar naharda BMG-niň Baş sekretary Guterrişe we Hristodulise 50 ýyldan bäri bar bolan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna tabyn bolmagyň we şol kararlara laýyklykda çözgüt tapmagyň hakykatdan daşda durýandygyny aýdandygyny nygtap, grekler bilen resmi gepleşiklerden çetde durcakdyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy
Ersin Tatar Guterrişiň Duşuşyk Teklibini Kabul Etdi
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistan we BMG köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler