Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan mähriban Watanymyzda agzybir halkymyz 2023-nji täze ýyly uly şatlyk-şowhunlykda bagtyýarlykda garşyladylar.Täze 2023-nji ýyly Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýip yglan edildi.
Munuň özi ata Watanmyzyň ertirki eýeleri bolan ýaşlarmyza bildirilýän uly ynamyň alamaty bolup durýar.Berkarar Watanymyzda bu günki gün ýaşlarmyz islendik pudakda, dürli kärlerde zähmet çekmek bilen mähriban Watanmyzyň ähli babatynda ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip 2023-nji ýyla at berilmegi hem ýurdymyzyň ähli ýaşlaryny öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge uly güýç kuwwat berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarmyzyň döwrebap bilim ojaklarynda bilim almaklygy, sport bilen meşgullanmagy, saglyklaryny berkitmekligi, dynç almaklygy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.Ynha häzirki wagtda hem okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär.
Bu döwürde okuwçy çagalaryň wagtlaryny şadyýan, mazmunly geçirmeklik üçin dürli medeni çäreler, bäsleşikler, gezelençler yzygiderli guralýar. Şular ýaly täsirli gezelençleriň biri Köneürgenç etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň gurnamaklygynda “Köneürgenç” taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynda geçirildi.
Gezelenje etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.Gezelenjiň dowamynda Köneürgenç taryhy medeni goraghanasynyň ýol görkezijisi Parahat Nazarow 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütün dünýä sanawyna giren Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki täsin, taryh üçin bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikleri, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Bu taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmak çagalarda geçmiş taryhymyza hormat, göwünlerinde ruhubelentlik döretdi.Bu ýere gelen çagalar ülkäniň taryhy barada giň düşünje alyp, ata-babalarymyzyň nähili ýaşandyklaryna aýdyň göz ýetirdiler.
Gözelligi we ylmy ähmiýeti bilen meşhurlyga eýe bolan Törebeg hanymyň aramgähini, Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumyny, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň, Ibn-Hajy yadygärliklerini, Merkezi Aziýada belentligi boýunça ilkinji orunda duran Gutlug Temuryň minarasyny, Seýit Ahmediň (Gara gapy ata) kümmetini synlap, şöhraty äleme dolan ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda süňňäläp bina edilen galalaryna buýsanç we bilesigeljilik bilen tomaşa etdiler.
Geçirilen bu gezelenç Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.