Taryhy ýadygärlikleriň syýahatçylyga goşandy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly özüniň ajaýyp wakalary bilen ata Watanymyzyň şanly taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup hyzmat eden ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny üpjün edýän möhüm köpri bolup çykyş edýär.“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde, syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine hem aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Syýahatçylyk pudagyny ösdürmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.Häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek işleri toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde syýahatçylaryň ünsüni özüne çekjek, gyzyklanma döredýän, taryhyň çuňluklaryndan biziň günlerimize çenli gelip ýeten taryhy ýadygärlikler, tebigatyň döreden gözel ýerleri, dünýä meşhur şypahanalar bar.

Ekologiýa syýahatçylygy, zyýarat syýahatçylygy, şypahana syýahatçylygy ýaly syýahatçylygyň görnüşleri häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary üçin dostluk derwezesi bolup, yklymlary biri-birine ysnyşdyrýan, halklary doganlaşdyrýan döwlete öwrüldi.

Halkymyzyň myhmansöýerlik, dostanalyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bu gün bize gelýän daşary ýurt raýatlarynda ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň özboluşly aýratynlygy, gaýtalanmajak gözelligi güneşli ülkämizde syýahatda bolýan daşary ýurtly jahankeşdeleriň ýiti nazaryndan sypmaýar.Ahal welaýaty özüniň özboluşlylygy, gadymy şäherleriň, galalaryň saklanyp galan mekany hökmünde tanalýar.

Welaýatyň çägindäki “Arçman” we “Ýyly suw” şypahanalary has meşhurlyga eýedir.Sebäbi bu ýerde her bir raýatyň saglygyny berkitmegi, döwrebap dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, taryhçylaryň ünsüni bada-bat özüne çekýän Bäherden etrabynyň dag eteklerinde ýerleşýän, tutuş ýylyň dowamynda özüniň 33-38 derejeli ýyly suwy bilen tapawutlanýan “Köwata” ýerasty köli türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň biri hasaplanýar.Welaýatyň çägindäki ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy, Kaka etrabyndaky “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri, Mälik babanyň, Mäne babanyň aramgähleri, Abul Fazlyň-Sarahs babanyň aramgähi giň meşhurlyga eýedir.Ýurdumyzyň Balkan welaýatyndaky Dehistanyň “Maşady Misserianynyň” ýadygärlikleri, Magtymguly etrabynyň gözel tebigaty, şeýle-de welaýatyň çägindäki zyýarat syýahatçylygy bilen baglanyşykly ýerler köp sanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde gojaman Hazaryň kenarynda döredilen, häzirki wagtda “Gündogaryň şypahana merjeni” adyna eýe bolan, özüniň möçberi hem-de ähmiýeti boýunça ägirt uly taslama hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bu ýere baryp görenlerde uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.Ýurdumyzyň Mary welaýaty hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy şäherlere hem-de ýadygärliklere baý welaýatlaryň biridir.

Baýramaly şäherindäki “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän köp sanly galalar Soltan gala, Gäwür gala, Erk gala, Şähriýar gala, Isgender gala hem-de kiçi Soltan gala, Şaýym gala Soltan Sanjaryň aramgähi, Uly we Kiçi gyz galalary, Muhammet Ibn Zeýdiň aramgähi ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawynda mynasyp orun tapan ýadygärliklerdir.Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň çäginde hem geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy şäherleriň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu ýadygärlikler syýahatçylyk nukdaýnazaryndan düýpli öwrenilmäge mynasyp ýerlerdir.Welaýatyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýy, gadymy Amul galasy, Astana babanyň, Alamberdaryň kümmetleri, Halaç etrabynda ýerleşýän türkmeniň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň okan Idris Baba medresesi syýahatçylyk babatda giň mümkinçilige eýedir.Welaýatyň Köýtendag etrabyndaky Dinozawrlar ýapgydy, Hojapil ata platosy, Gaýnar baba çeşmesi, Gülşirin, Gapgotan, Daşýürek aralyk ýaly 40-a golaý gowaklaryň saklanyp galmagy syýahatçylar üçin bu ýeriň ähmiýetini has-da artdyrýar.Daşoguz welaýaty hem taryhy ýadygärliklere baý künjek.

Welaýatyň Köneürgenç etrabyndaky “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawynda mynasyp orun tapan gymmatlyklardyr.Törebeg hanymyň kümmeti, Gutlug Timuryň minarasy, Soltan Tekeşiň, Il-Arslanyň aramgähleri, Nejmetdin Kubranyň, Soltan Pirýar Weliniň, Soltan Alynyň aramgähleri şu günki günde ýerli ýaşaýjylar bilen birlikde, daşary ýurtly syýahatçylarda hem deň-derejede gyzyklanma döredýär.Parahatçylygyň we asudalygyň ýurdy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara dost-doganlyk mekany bolup, bu günki günde halkara syýahatçylyk bazaryna işjeň goşulyşýar. Şöhratly taryhymyzy özünde jemleýän ýadygärliklere, döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerine baý eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty bu günki gün älem-jahana dolýar.

Jahankeşdeleriň, taryhçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülen ata Watanymyzy gülletmekde döwletli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Parahat Meretliýew,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlarguramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
Ali Şir Nowaýy
Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň diplomatik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar