Taryhda yz goýjak ajap döwrüm bar, Döwüri wasp edýän aýdym, şygrym bar

Taryhda yz goýjak ajap döwrüm bar, Döwüri wasp edýän aýdym, şygrym bar

Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly täze 2024-nji ýylymyzda türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ saýasynda türkmen halky bagtyýar hem eşretli zamananyñ hözirini görüp ýaşaýar.

Bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, dilleri ajaýyp döwriñ waspyny ýetirýän, her ädimde Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýan merdana ýaşlaryñ ýürekleri bu günki gün buýsançdan dolup dur.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ uly mugallymy, Türkmenistanyñ halk artisti Şemşat Hojaýewanyñ ýolbaşçylygyndaky bagşy gyzlar topary tegelek stoluň başynda saz-söhbetli çykyş etdiler. Saz-söhbetli çykyş Arkadag şäherindäki owadan binalaryñ biri bolan Arkadag şäher häkimliginiñ medeniýet toplumynda Arkadag teleýaýlymynyñ agzybir topary tarapyndan ýazga geçirildi.

Arkadagly sungatyñ waspy atly saz-söhbetli gepleşige ýazgy edilen bu konserdiñ dowamynda talyp ýaşlar ata Watanymyza, ajaýyp döwrümize, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgüsini ajaýyp aýdym-sazlaryñ, buýsançly gürrüñleriniñ üsti bilen joşgunly beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ asylly syýasatyndan ugur alyp, bagşy gyzlar Magtymguly Pyragynyñ sözlerine döredilen türkmen halk aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Gepleşigiñ dowamynda talyp gyzlar Täzegül Atajanowa hem-de Dünýägözel Gutlyýewa ajaýyp döwrümizi wasp edýän täze dessanlardan parçalar bilen çykyş etdiler. Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözleri we "Saýra dutar" atly meşhur aýdym bilen topar öz çykyşyny jemledi.

Halypa mugallym Şemşat Hojaýewa öz bagşy gyzlar topary bilen Ýurdumyzda geçiriljek toý-baýramlara sowgatly barmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
Balkanabat şäherinde Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi
10.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda