2003-nji ýylda satuwa goýberilen Nokia 1100 düwmeli el telefonynyň 250 million sanysy satylyp, taryhda iň meşhur ykjam telefon boldy. Bu barada Visual Capitalist neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Sanawda ikinji orunda 248 million satylan birlik bilen Nokia 1110 el telefony ýerleşdi, üçünji orunda 222 million enjam bilen Apple kompaniýasynyň iPhone 6 we 6 Plus smartfonlary ýerleşdi. Ilkinji bäşlige şeýle hem Nokia 105 (200 mln.), iPhone 6s we 6s Plus (174 mln.) girdi.
Taryhda iň köp satylan el telefonlaryň sanawynda, esasan, Nokia we iPhone kompaniýalarynyň önümleri ýerleşdi. Samsung E100 smartfonynyň 150 million sanysynyň satylandygy belli boldy.
Nokia el telefonlarynyň bazarda köp wagtlap agalyk edendigine garamazdan, häzir iň meşhur el telefonlaryň ilkinji onlugynda bu fin kompaniýasynyň smartfonlarynyň hiç bir kysymy-da ýok diýlip, habarda aýdylýar.