Taryhda ilkinji gezek kosmosda çili burçy ösdürilip ýetişdirildi

Taryhda ilkinji gezek kosmosda çili burçy ösdürilip ýetişdirildi

NASA-nyň kosmonawtlary taryhda ilkinji gezek Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) çili burçuny ösdürip ýetişdirdiler. Muny amerikaly Ketrin MakArtur özüniň Twitter hasabynda mälim etdi diýip, lenta.ru habar berdi.

Ajy burç tohumy ösümlikleri mikrograwitasiýa şertlerinde ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilen synagyň çäklerinde tomusda ekildi. Barlagçylar kosmosda haýsy iýmitleri ösdürip ýetişdirip boljakdygyny anyklamak islediler.

2009-njy ýylyň sentýabr aýynda “Discovery” gämisiniň kosmonawtlary kosmos burritosynyň taýýarlanylyş pursatyny wideo ýazgy edipdiler. Mikrograwitasiýa şertlerinde bu iş köp wagt alýar we ýokary tehniki başarnyklary talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär
Samsung Wýetnamda ýarym geçirijileriň önümçiligini ýola goýar
Kim, haçan oýlap tapdy?
Türkmenistan häkimiýetleriň tassyklaýşyça, dünýäde COVID-19 ýaýramadyk ahyrky iri döwlet bolup galdy
Suwotudan ses geçirmeýän material öndürildi
Stambula syýahatçylar akymy soňky 33 aýda iň ýokary derejä ýetdi