Taryh, ýörelgeler, usullar: sergi hekaýatynyň sahypalaryndan

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň çäklerinde Sergi merkezinde geçen hepdede guralan sergi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda täsirli wakalaryň biri boldy.

Türkmen halkynyň açyklygy, däp-dessurlary barada Mary žiwopis mekdebiniň ýaş wekili Baýram Nuryýewiň we onuň işleriniň gahrymanlarynyň adyndan çeper tilsimler arkaly gürrüň berilýär. Düýe ýaryşy, Gelnaljy we Täze durmuş atly simwolizm usulynda çekilen suratlar allegoriýasy we ýordumynyň dok reňklerde berilişi bilen özüne maýyl edýär.

Höwesjeň nakgaş Klawdiýa Durdyýewanyň döredijiligi bilen tanyşlyk bu ýere gelenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Klawdiýa bilimi boýunça gurluşykçy, ýöne hormatly dynç alyşa çykandan soň irki arzuwyny surat çekmek islegine ýetmegi ýüregine düwdi. Ol dört ýylda ussatlar derejesinde 70 golaý surat çekdi. Bu ýagdaý, belki-de, zehine öwretmek, ony zaýalamak diýliýänlerden bolsa gerek.

…Bişen dykyz narlar Abadanlyk atly suratyň tutuş meýdanyny tutup dur. Datly tagamly, owadan miweler ýurdumyzyň abadanlygyny aňladýar.

Nakgaşyň beýleki bir işinde hem däneleri ýalpyldaşýan bişen narlar şekillendirilipdir. Klawdiýa Durdyýewanyň Saba säher atly deňiz manzarly şahyrana suratynda dogup barýan Gün şöhleleriniň joşguny kenaryny mähirli ezizleýän deňiz tolkunlarynyň nepis nagyşlary bilen ajap sazlaşdyrýar.

Rustam Abdullaýewiň işleri has-da özüne çekiji çykypdyr.Kakam diýen suratda egnine çagalaryny, aşhana esbaplaryny, halylary atyp, dogumly gadam basyp barýan gujurly ýaş ýigit şekillendirlipdir… Oňa bakanyňda: Kakam başarar! – diýýän ýörgünli söz biygtyýar ýada düşýär.

Belki, bu iş diňe ýagşy ýordumy bilen ýatda galsa galardam welin, onuň gapdalyndaky Ene-sygyr atly suraty atalara bagyşlanan işe filosofiki many berýär.Goşa surat: erkek kişi maşgalanyň diregi bolsa, zenan maşgala dünýäniň daýanjy diýen metafora ýaly kabul edilýär…

Gülnäz Rozykulyýewanyň çeken suraty Gadymy Müsüriň taryhynyň sahypalaryna syýahata çagyrýar. Suratyň ýordumy müsür faraony Ehnatonyň iki aýalynyň baýry aýaly, ady rowaýata dolan owadan Nefertitiniň we ençeme ýyllap onuň golastynda bolan Kiýanyň bäsdeşligine bagyşlanypdyr…

Sergi merkezine gelýänleriň köpüsi gowy görýän nakgaşlarynyň zehininiň ozal näbelli ugrunyň açylaryna umyt bildirýärler.Mysal üçin, Aýa Serhenowa sergä Çemen atly işini hödürläpdir.Onuň ady ýöntem bolsa-da, ol reňkleriniň we manysynyň köp gatlylygy bilen bendi edýär.

Güller giňişligine salnan gülýaprak, baldak we ýaprak şekilli kinniwanja adam keşpleri güýçli täsir edýär: suratyň simwolizm usulyndaky ýordumyna adam bilen tebigatyň sazlaşygynyň allegoriýasy diýlip düşünilýär.

Sergide şeýle hem dürli tilsimleri bilen haýran edýän keramikaçylaryň işleri-de, taryhy temadan suratlar tapgyram, milli gymmatlyklaryň, medeni mirasyň we häzirki döwrüň gazananlarynyň waspyny ýetriýän suratlar hem görkezilýär.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Taryh, ýörelgeler, usullar: sergi hekaýatynyň sahypalaryndan
“Ýalňyz” agaç tebigaty öwrenmäge ýardam eder
Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň uçurymlarynyň işleriniň sergisi açyldy
Art-bazarda ylham bilen üýtgeşik täzelikler utgaşýar
Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň ýagty ýadygärligine: durmuşyň metaforaly beýany
Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy