Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy. Nakgaşlar taryhy ýordumlary, eziz Diýaryň gözelligini şekillendirýän nepis manzarlary, türkmen topragynyň sahawatyny wasp edýän natýurmortlary, çylşyrymy fakturaly gobelenleri, portretler tapgyryny, nepis şaý-sepleri we elde ýasalan dizaýnerlik önümleri... şanly senä bagyşlapdyrlar.
Aýa Serhenowanyň döredijiliginiň muşdaklary tanymal nakgaşyň täze işleriniň ikisi bilen tanyşdylar. Portretleriň birinde oba manzarynyň fonunda ýaş gelin şekillendirilipdir. Onuň mähirli garaýşynda durmuşy ýagşa özgerdiji arzuwlar ummany duýulýar... Beýleki bir portretde öňe ynamly barýan zenan bize bakyp dur. Aýa awangard ýörelgä eýerýänlerden, bu onuň gahrymanlarynyň ýaglyklarynyň allýuziýa kysmy suratlara assosiaýaly düşünmäge iterýan aksentli we metaforaly nagyşlarynda hem göze ilýär.
Türkmen çölüni nakgaşlaryň köpüsi hersi özüçe wasp etdi. Mysal üçin, Işanguly Işangulyýewiň suratynda çöl ukudaky jenany ýada salsa, Natalýa Kaluginanyň eserinde ol nepis benewşe-sary tonlarda berlen näzik manzar bolup görünýär.
Häzirki sergide Polat Annamyradowyň türkmen tebigatyna bagyşlanan şahyrana suratlarynyň birnäçesi goýlupdyr. Ýordumlaryň biriniň merkezinde hem derman, hem göz-dilden goraýan ösümlik gülläp oturan üzärlik ýerleşdirilipdir. Tebigatda jerenlerdir towşan görmek şowlulykdan nyşan. Polat özünde galan täsirleri owadan türkmen tebigatynyň gözelligine ýugrulan bahar manzarynda beýan edipdir.
Toýly Çopanowyň Küşt we Zelili atly işleri taryhy geçmişe syýahata çagyrýar. Toýlynyň sergide goýlan üçünji işi dana şahyr Magtymguly Pyragynyň Hindistana saparyna bagyşlanypdyr... Guseýn Guseýnowyň Tekeşiň aramgähi we Robert Şabunsyň Gadymy ýadygärlik işleri-de taryhy suratlar tapgyryny sazlaşykly dowam edýärler.
Berdisähet Gurbansähedow bilen Merdän Gylyjowyň Natýurmort hem-de Türkmen saçagy suratlary türkmen topragynyň güneş nurundan doýan datly tagamlary reňkleriň oýny we žiwopis ýörelgesiniň ýeňil tilsimi bilen haýrana goýýar.
Türkmen topragy nebit ýataklaryna we gaz känlerine baýdyr. Nakgaş Polat Annamyradow bir wagtlar Barsagelmez ýatagynda gözleg-agtaryş işlerine gatnaşypdyr. Ol işden boş wagtlary ýer göwsünden altyn alýan merdanalara bagyşlanan suratlary çekipdir. Sergi şu tapgyrdan suratlaryň birnäçesi bilen tanyşdyrýar.
Sergide amaly-haşam sungaty işleriniň ençemesi goýlupdyr. Keramika işleriniň arasynda Gülýara Babaýewanyň döreden edil hakyky ýaly görünýän narlary ünsüňi özüne çekýär. Bu işiň gapdalynda mähirlije gyzjagazlaryň ikisi myhmanlara datly pişme hödür edýär. Baýrama taýýarlyk atly bu kompozisiýanyň awtory Gülýara Babaýewanyň okuwçysy, häzir Aşgabadyň 19-njy mekdebiniň surat mugallymy Aýtäç Daşaýewa.
Enebaý Annaberdiýewa sergä täze işlerini zenanlar üçin şaý-sepler toplumuny getiripdir. Lagyl, maşat daşy, hrizopraz, firuza daşlaryndan gaş salnan, nepis şelpeler bilen bezelen milli äheňli kümüş gülýaka owadandan gelşikli görünýär. Dür düzümli toplumda jaňjagaz görnşüli gulagysyrga hem bar. Gadym döwürlerde şelpeleriň we gulakhalkalaryň kümüş owazy eýesini al-arwahdan gorar diýen yrym ýörgünli bolupdyr.
Annabagt Täçmyradowanyň dokma önümlerinden taýýarlan şarnirli kreatiw gurjaklary hem üýtgeşikligi bilen göze ilýär.Kagyz toýunynyň ulanylmagy dürli şekilli çeýe gurjaklary ýasamaga mümkinçilik berýär.Olaryň nähili ýasalýandygyny görmäge, şeýle hem kinniwanja jenanyň elini gysmaga höwesekler az däldi.
Annabagt oýunjaklaryna ýurduň sebitleriniň ählisiniň zenanlarynyň lybaslaryna meňzeş eşik geýdiripdir.Güler ýüzli goç ýigidem olary goraglaýar.Onuň gapdalyndaky üsti ýükli düýeler Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýoluny ýada salýar...
Sergide goýlan dürli stildäki we çeperçilik tilsimlerindäki eksponatlar türkmen halkynyň köpgyraňly durmuşyny, onuň özboluşly däplerini, ruhy dowamatlylygyny, döredijilik zehinini, parahatçylyk söýüjiligini, açyklygyny we myhmansöýerligini beýan edýär.