Soňky ýyllarda ýüzýän myhmanhanalar syýahatçylyk pudagynda jahankeşdelere hödürlenýän täze bir ugur bolup, derýada ýa-da deňizde ýüzüp şäheri, tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär. Ýüzýän myhmanhanada gidip barşyňa birnäçe täsinlikleriň şaýady bolýarsyň.
Arassa howaly tebigat, janly-jandarlaryň özboluşly hereketleri bular dynç alýan adamlara lezzet berýär. 2020-nji ýylda işlenip düzülen Anteniýa atly ýüzýän eko-myhmanhana hem köpçüligiň ünsüni özüne çekýär.
Dünýädäki ilkinji ýüzýän eko-lýuks myhmanhana bolan Anteniýa süýümli aýnadan, tegelek görnüşde ýasalypdyr.Bu kaşaň myhmanhana 1977-nji ýylda surata düşürilen Jeýms Bonduň Meni söýen içaly (The Spy Who Loved Me) filmindäki tegelek gämiden ylham alnyp döredilipdir. 540 inedördül metrlik gämi 12 adama çenli myhmany kabul edip bilýär. Ýüzýän myhmanhananyň gümmezinde bäş sany awtomatik aýlanýan Gün paneli ýerleşdirilip, gämini energiýa bilen üpjün edýär.
Tegelek gäminiň iki sany sessiz hereket edýän elektrik hereketlendirijisi bar.Eko-myhmanhananyň birinji gatynda iki orunlyk ýatylýan otag, tegelek hammam, egri diwan, kiçiräk aşhana göz öňünde tutulypdyr.Aýna penjireleri bolan myhmanhananyň gapysy ýokarlygyna açylýar.
Eko-myhmanhananyň aşaky gaty aýna bilen örtülen bolup, deňiz jandarlaryny, balyklaryň ýüzüşini synlamaga mümkinçilik berýär.Anteniýa gämisiniň esasy aýratynlygy üçeginiň açylýan görnüşde bolmagydyr.Gäminiň üçegine merkezdäki basgançaklar arkaly çykylýar.
Myhmanhananyň tegelek gümmezi 12 adama niýetlenen ýumşak oturgyçlar bilen üpjün edilip, bu ýerden deňiz tebigatyny synlap, dynç alyp bolýar.Bulardan başga-da, ýüzýän eko-myhmanhanada ýokary tizlikli Wi-Fi, suwasty basseýn, iki sany dynç alyş meýdançasy bar.
Ilkinji Anteniýa myhmanhanasy Fransiýanyň demirgazyk-günbataryndaky gülgüne kenarlarda açylyp, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde bu eko-myhmanhana myhmanlara hyzmat edýär.