Turkmenistan.ru-nyň fotosuraty
“CIS Debt Recovery Solutions” kompaniýasynyň uly maliýe geňeşçisi Taras Kopiý 7-nji dekabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” bilen söhbetdeşlikde “Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň defolt ýagdaýyna düşendigini” aýtdy.
Şondan bir gün soň, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 11 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýyl üçin kabul edilen býujetde we Durnuklaşdyryjy gaznada Türkmenistany geljek ýylda hem depginli ösdürmek üçin ýeterlik derejede serişdäniň” bardygyny aýtdy.
Emma, Taras Kopiý TAH bilen söhbetdeşlikde ýurduň ösüşi üçin Türkmenistanyň hazynasyna esasy girdeji getirýän döwlet konsernleriniň halkara bazarynda gowy abraýynyň bolmagynyň zerurdygyny aýdýar. Şunsuz hiç hili ösüş barada gürrüň bolup bilmez diýip, ol nygtady.
Mysal üçin, “nol” derejesindäki reýting zerarly hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek türkmen döwlet kompaniýalary üçin düýpli kynçylyk döreder.
Şol bir wagtda hökümetde daşary ýurtly üpjünçileriň öňündäki bergileri üzmegi näme üçindir ilkinji nobatdaky wezipe hasaplamaýarlar diýip, Taras Kopiý aýdýar.