Tarantino Brýus Uillisi soňky filminde surata düşürmek isleýär

Tarantino Brýus Uillisi soňky filminde surata düşürmek isleýär

Meşhur kinorežissýor Kwentin Tarantino özüniň iň soňky, 10-njy filminde Brýus Uillisi surata düşmäge çagyrmak isledi. Ol eger aktýoryň maşgalasy garşy çyksa, bu pikirinden dänjekdigini habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Kino tankytçysy atly film şu ýylyň sentýabrynda surata düşürilip başlanar. Filmdäki wakalar 1970-nji ýyllarda Los-Anjelesde geçer.

Tarantino bilen Uillisi köp ýyllyk dostluk birleşdirýär. Olar 1994-nji ýylda ekranlara çykan Jenaýat hakda harsal eser filminde dostlaşdylar, bu filmde Uillis boksçynyň keşbini döretdi.

The Daily Express neşiri Tarantinonyň täze filmine çagyrmak bilen, köne dostuna hormat bildirmek isleýändigini ýazýar.

Sebäbi 2022-nji ýylda aktýorda afaziýa keseli tapylyp, ol kinoda düşmegini bes etdi. 68 ýaşly Brýus Uillisiň demensiýa keseline uçramagy onuň akyl-huşunyň, daşky dünýä bilen gatnaşygynyň bozulmagyna getirdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň köp alakaly şäherleriniň sanawy düzüldi
Los- Anželesiň golaýyndaky ýangyn köp sanly adamyň ewakusasiýa edilmegine sebäp boldy
Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
Boeing kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider