Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň Uly zalynda tanymal pianinoçy, halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Amangül Gylyçmyradowanyň çykyşy şowly geçdi.Bir wagtlar Amangül şu okuw mekdebinde fortepiano çalmagyň esaslaryny öwrenipdi, soňra Türkmen milli konserwatoriýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlap, okuwyny Germaniýada Mýunheniň ýokary saz mekdebinde dowam etmegi ýüregine düwdi. Ýewropada we Amerikada onuň zehinine sarpa goýup, el çarpdylar.
Repetisiýalardyr gastrol çykyşlarynyň känligine garamazdan, ol mugallymçylyk edip, ýaş sazandalara tejribesini öwredýär. ...Konserti alyp baryjy: “Iogann Sebastýan Bah.Skripka partitasyndan re minor çakona, roýalda Amangül Gylyçmyradowa” diýip yglan edýär.
Sazanda guralyň başyna geçip, düwmelere barmaklaryny degrenden nepis ussatlykdan kemala gelýän köňlüňi heýjana salýan köňlüňi heýjana salýan hoş owazlar ýaňlanýar.Arasynda hossarlary, dost-ýarlary we bile okan ýoldaşlary hem oturan diňleýjiler sazyň ajap çalnandygy üçin ony: “Berekella!”, “Aperin!” diýip mübäreklediler.
Sazandalar eseriň intonasiýa leksikasynyň özboluşly ýerine ýetirilişine ýokary baha berdiler.Konsertde Iogannes Brams, Frederik Şopen, Sezar Frank, Astor Pýassolla, Sergeý Rahmaninow, Anatoliý Lýadow, Aleksandr Skrýabin ýaly tanymal kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirildi.
Türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden Rejep Allaýarowyň “Üç pýesasy” we Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eserleri çalyndy.Sazandalyk aksentleriniň takyk ýerine salynmagy eserleriň baý intonasiýa röwüşlerini, üýtgeşik gözelligini we duýgylara baýlygyny açyp görkezdi.
Tomaşaçylar Amangüliň sazy ýürekden berlip çalýan zehinine, ussatlygyna sarpa goýup, ajaýyp saz agşamy üçin minnetdarlygyny şowhunly el çarpmalar bilen beýan etdiler.