Tanymal harby şahsyýet Enwer Paşa

Tanymal harby şahsyýet Enwer Paşa

Hepdelik tapgýrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Osman imperiýasynyň soňky döwürlerinde ýetişdiren, Osman döwletini we türk halklaryny garaşsyzlyga ýetirmegi özüne borç edinen, tanymal harby şahsyýet Enwer Paşa hakynda maglumat bermekçi.

Ady Ismail Enwer bolan we Stambulyň Diwan ýolunda dünýä inen Enwer Paşa, Manastyrly Surre Emini Ahmet Beý bilen Aýşe Hanymyň 5 çagasynyň iň ulusydyr.Onuň nemes dilinde ýazan terijemahalynda 1882-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Stambulda Diwanýolundaky öýlerinde dünýä inendigi beýan edilýär. Ýokary harby mekdepde okaýarka Abdülhamit 2-njä garşy propogandalaryň täsirinde galýar.

Talyplyk ýyllarynda Ýyldyz köşküne getirilip, sorag edilen hem bolsa, tussag edilmeýär. 1908-nji ýylda Konstitutsion ulgamyň yglan edilmegi ugrundaky göreşde Enwer beý alynky hatarlarda orun tutýar.Manastyryň golaýynda daga çykyp, Abdülhamit 2-njä pitne baýdagyny göteren iň ýokary çinli harby bolýar. Şol syýasy we harby göreşi sebäpli konstitutsion ulgamyň uglan edilmeginden soň Stambulda “azatlyk gahrymany” ady bilen öňe saýlanýar we şol seneden başlap Osmanly Bileleşik we ösüş jemgyýetiniň harby toparynyň öňdebaryjylaryndan biri bolýar.

Enwer Beý 1909-njy ýylyň 5-nji martynda Osman döwletiniň Berlindäki attasşeligine bellenýär we şol wezipäni 2 ýyl ýerine ýetirýär.Italianlaryň Tripola hüjüm etmekleri sebäpli ýurda dolanýar we Bileleşik we ösüş jemgyýetiniň 1911-nji ýylyň 3-nji sentýanrynda Salonik şäherinde geçirilen umumy maslahatynda italianlara garşy partizanlyk urşunyň alynyp barylmagyny teklip edýär.

Patyşa we hökümet ýolbaşçylary bilen maslahatlaşdan soň 10-njy oktýabrda Stambuldan giden Enwer beý Müsürde, Bengazide we Tobrukda arap liderleri bilen gepleşikler geçirip, 1911-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Aýnulmansurda harby karargäh açýar.

Tripolide italianlara garşy üstünlikler gazanýar. Şol ýerde geçiren uruş ýyllary meşhurlygynyň artmagyna we ýerli halkyň arasynda tanalmagyna sebäp bolýar.

Güýçli tankytlara garamazdan hem halkyň arasyndaky ýokary abraýy hem-de Bileleşik we ösüş jemgyýetindäki güýjüniň saýasynda ýokary çin bilen sylaglanýar hem-de 1914-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Harby wezirlige bellenýär. 33 ýaşly goşunda gahryman hökmünde tanalýan adamyň Harby wezirlige bellenmegi Osman döwletiniň ýaş intelligentlerini döwletiň halas bolmagy meselesinde umytlandyrýar.

Onuň Makedoniýada garakçy toparlara, Tripolide italianlara garşy we 1908-nji ýylda konstitutsion ulgamyň yglan edilmegi üçin gaýduwsyz tagallasy ýaş ofiserlerde uly täsir galdyrýar.

Enwer serkerde Osman goşunyndaky ýokary derejeli 280 ofiseri hormatly dynç alyşa çykaryp, Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal, Kazym Karabekir, Fewzi Çakmak, Ismet İnönü ýaly ýaş ofiserleriň öňündäki bökdençlikleri aýyrýar we olaryň ýokary wezipelere bellenmeklerine şert döredýär.

Russiýadaky bolşewik ynkylabyndan soň Kawkazda ýüze çykan Osmanly-Nemes çekeleşiginde Enwer Paşa hiç hili egilşik etmek islemeýärdi.Eýsem Kawkaz onuň missiýasynda möhüm orun tutýardy.Kawkaz hem turan ýolunyň ugrunda ýerleşýärdi hem-de türki ilaty özünde jemleýärdi.

Harby wezir Enwer Paşa 1-nji Jahan urşunyň ahyrynda 1918-nji ýylyň 1-nji martynda Osman döwletiniň ýaranlary bilen bilelikde uruşda ýeňilýändiklerine göz ýetirýär we harby çäreleri görmäge başlaýar.

Gören esasy çäresi bolsa Kawkazdaky Osmanly goşunyny gaýtadan dikeldip, güýçlendirmek we dogany Nuri Paşanyň serkerdeliginde Kawkaz Yslam goşunyny döretmek bolýar.Enwer Paşa uruşda ýeňilen halatlarynda duşmanyň Anadolyny dessine basyp aljakdygyna göz ýetirýärdi.

Oňa garşy Günorta Kawkazda 1918-nji ýylyň başlaryndan bäri ýygnan harby güýjünden peýdalanyp, urşuň “ikinji tapgyryny” başlatmak hem-de şol harby birikmeler bilen Milli göreşden üstün çykmagy maksat edinýärdi.

Enwer Paşa we reformaçy egindeşleri 1918-nji ýylyň 1-nji noýabyry gijesi nemes harby gämisi bilen ýurdy terk edenlerinde, ählisiniň maksady gysga wagtda ýurda bolanmakdy. Ýurdy terk etmekleriniň sebäbini adalatly bolmadyk kazyýetlerde jenaýat işine çekilip, jezalandyryljakdygyny pikir etmekleridi. Şeýlelikde olar daşary ýurtda mahaly Stambulda gaýybana ýagdaýda jenaýat işine çekilip, ölüm jezasyna höküm edilýärler. Şol sebäpli hem reformaçylar “wagtlaýynça” watanlaryny terk edýärler.

Daşary ýurtda bolan mahallary Anadolyda başlan Milli göreş bilen ýakyndan gyzyklanýarlar we goşant goşmak isleýärler.Ony hem Enwer Paşanyň hem-de beýleki reformaçylaryň Mustafa Kemala ýazan hatlaryndan bilýäris.

Enwer Paşa bolşewiklere uly ynam bildirýärdi. Emma rus bolşewikleriniň Kawkazdaky Osman goşunlaryna gysyş edip, olary dargatmagy sebäpli Berline gidýär. 1919-njy ýylda Berline baran Enwer Paşa ol ýerde Bileleşik we ösüş jemgyýetiniň işlerine gatnaşýar.

Enwer Paşa 1919-njy ýylyň apreli bilen 1920-nji ýylyň awgusty aralygynda dört gezek ýola çykan hem bolsa, diňe dördünjisinde Moskwa barmagyň hötdesinden gelýär.Moskwada bolşewik ynkylapçylary Rodek we Zinowýew bilen Bakuwa giden Enwer Paşa, ol ýerde taryhy ähmiýetli Gündogar halklarynyň 1-nji türkologiýa gurultaýyna gatnaşýar. Şol wagtlar Orta Aziýadaky türki halklaryň garaşsyzlyklaryny bolşewikleriň goldawy bilen aljakdygyna ynanan Enwer Paşanyň arzuwy puç bolýar we bolşewikler onuň tamasyny ödemeýär.

Şol sebäpli Howpsuzlyk gullugynyň ozalky ýolbaşçysy Kuşçubaşy Hajy Sami we käbir reformaçylar bilen Bakuwdan Buhara gidýär. Maksady Türküstanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşýän Basmaçylara goldaw bermekdi. Şol maksada laýyklykda bolşewikler bilen göreşýär. Emma 1922-nji ýylyň 4-nji awgustynda Beljuwan sebitindäki Abyderýa obasynyň golaýyndaky Çegan depesinde bolşewik ruslar bilen bolan çaknyşykda öldürilýär.

Enwer Paşanyň syýasy we harby işlerinde iki maksadynyň bardygyny görýäris. Birinjisi Osman döwletini halas etmek, ikinjisi bolsa rus koloniýasyna tabynlykdaky türki halklaryň azatlyga çykarylmagyny ýola goýmakdy. Şol iki maksada ýetmek üçin Enwer Paşanyň ömrüni boş geçirmändigini we geljek nesillere görelde adam hökmünde hatyralanjakdygyny görýäris.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Owganystanda metjide guralan hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Daşary ýurt metbugatyna syn
Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady
Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler