Tanslaryň Arzuwy- dostlukly ýüpek ýoly atly 6-njy halkara milli tanslar festiwaly 20-nji iýul 5-nji awgust aralygynda geçirildi.Festiwal Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäheriniň Sindzýan Uýgur awtonom raýonynda geçdi.
Festiwala Türkmenistandan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet tans topary gatnaşdy.Iýul aýynyň 30-na awgust aýynyň 1-na Döwlet tans topary Sindzýan teatrynda geçirilen konserte gatnaşdylar.
Guramaçylaryň aýtmagyna görä türkmenleriň çykyş eden güni iň köp adamly boldy diýip bellenilýär.Konsertiň dowamynda milli tanslarymyz bolan çopan tansy, bagşylar tansy, monjuk atdylar, yhhymmyl tansy, Göroglynyň ýigitleri milli tansymyz bolan küşt depdi tansy we milli saz guralymyz bolan Dutar saz guralynda çykyşlar hem boldy. Çykyşyň 2-nji böleginde dutar saz guralynda Dutaryň owazy hem-de türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem okaldy. 2-nji çykyşda Hoş geldiňiz Türkmenistana!
atly wideo roligi hem görkezildi.Bu wideo rolikde Türkmenistanyň gadymy ýerleri bolan taryhy ýadygärlikleri, Aşgabat şäheriniň arhitikturasy, Arkadag şäheri, owadan rürkmen tebigaty görkezildi we geçen ýylky Türkmenistan dost - doganlyk mekany atly geçen festiwalyň suratlary hem şol wideo rolikde görkezildi.
Awgust aýynyň 1-na Hytaý Halk Respublikasynyň guramaçylary tarapyndan Döwlet tans toparyna festiwalyň ýörite nyşany gowşuryldy.Iş saparynyň dowamynda taryhy muzeýlerine gezelençler gurnaldy.Pekin operasynyň jagynda duşuşyk geçirilip, teatryň artistleri garşyladylar.
Duşuşykda tansçylara ussatlyk sapaklary berildi.