
BOTAŞ kärhanasy tarapyndan Twitterden berilen beýanatda, Türkiýe-Azerbaýjan doganlygynyň Anadoly topraklaryna goýulan goluň mysaly bolan TANAP taslamasyna 4 ýyl bolandygy habar berildi.
Beýanatda: "2018-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap akdyrylmaga başlanan tebigy gazyň mukdary 29,7 milliard kub metre ýetdi" diýip mälim edildi.
TANAP taslamasyndan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa ýyllyk tebigy gaz eksportyň mukdary 10,5 milliard kub metre çykaryldy we iki liniýanyň tebigy gaz daşamak göwrümi "Platon döwri" diýip atlandyrylýan 16,2 milliard kub metre ýetirildi.