Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly hökmünde tanalýan, şol bir wagtda bilimi, syýasy düşünjesi boýunça o diýen tanalman galýan Serdar Berdimuhamedow barha kän "öňe çykarylýar'.Türkmen mediasy 11-nji dekabrda, Bitaraplyk güni baýramynyň bir gün öňünden “Ahal welaýatynyň çäginde ýene bir şanly wakanyň bolandygyny”, Kaka etrabynda täze çagalar bagynyň açylandygyny we oňa parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny habar berdi.
Emma habarda “şanly waka” diýlip çagalar bagynyň açylmagy nazarda tutulýarmy ýa bu dabara prezidentiň oglunyň gatnaşmagy nazarda tutulýar, bu anyklaşdyrylmaýar.Bitaraplyk güni mynasybetli açylyş dabaralary guralan beýleki desgalar babatda “şanly waka” sypatlandyrmasy ulanylmaýar.
Mundan öň dürli baýramçylyklara gabat paýtagtda we ýurduň beýleki sebitlerinde ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryna köplenç preizident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşardy.Emma ýerli synçylar döwlet baştutanynyň soňky döwürde ýüzlerçe raýatyň, býujet edralarynyň işgärleriniň, studentleriň we çäreçi ýaşulularyň gatnaşdyrylmagynda guralýan mejbury dabaralardan biraz gyra çekilýändigini belleýärler. Şol bir wagtda “mukaddes ýeriň” boş galmaýandygyna ünsi çekip, açylyş dabaralaryndaky “hormatly orny” parlamentiň başlygyna ýa beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylara bermän, prezidentiň oglunyň “eýeländigini”, ýa-da kakasynyň oňa bu orny miras hökmünde geçirendigini belleýän synçylar hem bar.
Serdar Berdimuhamedowyň ady ozaly deputat saýlanmagy, soň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenmegi bilen, soňky bir ýylda döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynda ýygy-ýygydan tutulyp başlandy.Mysal üçin, noýabr aýynda Serdar Berdimuhamedow, prezidentden we daşary işler ministrinden soň, ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça ýokary komissary, Aşgabada sapara gelen Lamberto Zanniýer bilen duşuşan “möhüm” türkmen resmileriniň biri boldy.
Prezidentiň ogly oktýabr aýynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde düýbi tutulan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, Gökdepe we Kaka etraplarynda düýbi tutulan täze obalaryň dabaralarynda, sentýabr aýynda Kaka etrabynda ulanylmaga berlen saglyk desgalarynyň dabaralarynda hem esasy resmi boldy.
Serdaryň kakasy bilen atly, tigirli gezelenç edişi, maşyn bejerip, maşyn ýaryşyna taýýarlanyşy, özbaşdak sport dabaralaryna gatnaşyşy, hatda daşary ýurt saparlarynda bolup, hökümet, döwlet ýolbaşçylary, ministrler, parlament wekilleri, şol sanda BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşuk geçirendigi hem habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasynda Serdardan öň, ozal-başda prezidentiň agtygy Kerimguly “ile çykaryldy”.Emma Serdaryň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ilki parlament deputatlygyna, 2017-nji ýylyň martynda bolsa Mejlisiň kanunçylyk komitetiniň başlyklygyna saýlanmagy “Kerimgulynyň yzky orna geçýändigini aňlatdy" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly synçy aýtdy.
Serdaryň ýurtda prezidentden soň ikinji adama öwrülendigi baradaky pikirleri onuň martda geçirilen parlament saýlawlarynda 91 prosentden gowrak ses alyp, yz ýanyndan daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenmegi hem tassyklady.
Syýasy meýdana gelmezinden öň, sosial ulgamlarda çykan maglumatlara görä, Serdar esasan ylmy işler bilen meşguldy. Şol bir wagtda, parlament saýlawlaryna kandidat bolanda çap edilen resmi terjimehalyndan başga, Serdar Berdimuhamedowyň hakyky ukyp-başarnyklary, pikir-düşünjesi köpçülige belli bolman galýar. Ýerli synçylar bu ýapyklykda prezidentiň ogluny ýurtdaky döwlet propagandasynyň ikinji obýektine öwürýän media senzurasynyň uly rol oýnaýandygyny belleýärler.