TAMDYR MUKADDESLIGI

TAMDYR MUKADDESLIGI

Türkmen halkynyň durmuşynyň aýratynlyklarynyň biri hem mukaddes tamdyrdyr. Çuňňur keramaty özinde jemleýän tamdyr türkmen halkynyň iň bir mukaddes saýýan taryhy mirasydyr.Keramatly tamdyrda bişirilýän ýakymly ysy bilen özüne çekýän mele myssyk çörekler ony dadyp görenleriň hiç birine-de biparh goýmaýar.

Tamdyr gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, özara hormat sylagynyň nyşany saýylypdyr.Tamdyr barada söz açylanda, onuň öran uly taryhy ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirýärsiň.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Miras teleýaýlymy tarapyndan Tamdyr mukaddesligi atly söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde Döwlet muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň hünärmenleri çykyş etdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň iň bir mukaddes saýýan taryhy mirasymyz bolan tamdyr, onuň mukaddes keramaty, çuňňur, taryhy barada özleriniň gyzykly we täsirli gürrüňleri bilen söhbetdeşligi has-da gyzyklandyrdylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda Eneleriň yhlasyndan ýugrulan keramatly tamdyryň gudratyndan bişen çöregiň tagamy hakynda söz açyldy.

Tamdyr, öý, ojak, ot bilen bagly, şeýle ýörelgeleriniň ählisiniň çuň mana eýe bolmagy türkmeniň durmuş dowamatlylyga bolan düşünjeleriň mukaddeslik derejesidir. Gadymyýetden gelýän türkmen mirasynyň ömri näçe uzadygyça, ol türkmen dünýäsine, türkmen kalbyna ruhy güýç berýän ylham çeşmesine öwrülýär. Şonuň üçin mirasy öwrenmek, onuň manysyna düşünip akyl ýetirmek ynsan kalbyny, ruhy dünýäsini täzeleýär, ýaşaýyşa bolan höwesini artdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Aziýada 10 günüň galmagyny dabaralandyrdy
Türkmen žiwopisçileriniň suratlarynda - taryh we däpler
Daşoguzda ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizilýär
Aşgabatda arzan çörek dessine satylyp gutarýar