Türkmen talyplary Ysraýylyň Ariel şäheriniň uniwersitetinde geçirilen matematika boýunça 10-njy Açyk halkara olimpiadasynda medallaryň dürli derejeli medallary eýelediler.
Abraýly intellektual bäsleşige 25 topar gatnaşdy,olaryň hatarynda Gruziýadan, Bolgariýadan, Sloweniýadan, Rumynyýadan, Russiýadan, Polşadan, Ysraýyldan we Türkmenistandan ýüze golaý talyp gatnaşdy.
2008-nji ýyldan bäri şu olimpiada gatnaşyp gelýän ýurdumyza şu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem oba hojalyk, energetika, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk we binagärlik we gurluşyk institutlarynyň talyplary wekilçilik etdiler.
TDU-nyň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri Nurmuhammet Gurbanmämmedow bilen HYYweÖU-niň takyk we tebigy ylymlar kafedrasynyň mugallymy Pirmyrat Gurbanow dagy milli ýygynda halypaçylyk etdiler.
Türkmen talyplary medallaryň ähli görnüşlerini eýelediler. TDU-nyň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Myrat Çäşemow altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem şu uniwersitetden Dowran Nurgeldiýew bilen Ilşat Weliýew we Nury Atajanow (TOHI) kümüş medala mynasyp boldular. Mekan Hojaýew (energetika instituty), Perman Iljanow (HYYweÖU) we Agaserdar Ýollyýew (TDU) dagy bürünç medal eýelediler.
Milli ýygyndymyz medal babatda meseleleriň çalt çözülşine baha berilýän Blitz Competition ugrunda üçünji orny eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri bolsa çalt çözmekde, oýlanşynyň özboluşlylygynda, logika babatda we çylşyrymly meseleleri çözmäge döredijilikli çemeleşmeleri üçin iki derejede üçünji ýere mynasyp boldular.
Olimpiada tamamlanandan soň oňa gatnaşanlar üçin Tel-Awiwiň we Iýerusalimiň gözel ýerlerine gezelenç guraldy.