25-nji awgustda Owganystanyň Yslam Emirlikleriniň (köp ýurtlaryň terror topary diýip atlandyran “Talyplar” häkimiýet başyna gelenden soňra Owganystanyň resmi atlandyrylyşy) IIM-niň wekilleriniň TAPI Pipeline Company Ltd şirketiniň ýerine ýetiriji başlygy Muhammetmyrat Amanow bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi diýip “Bakhtar” neşiri habar berýär.
Amanow gaz geçirijiniň howpsuzlygynyň üpjün edilişi bilen gyzyklandy. Duşuşygyň beýleki jikme-jikleri habar berilmeýär.
20-nji awgustda “TOLO” habar neşiriniň ýazmagyna laýyklykda, Owgan hökümetinde TOPH-iň işleri boýunça topar döredildi. Täze gurluşa birinji wise-premýer, molla Awdul Gani Baradar ýolbaşçylyk edýär.
Owgan DIM-niň maglumatyna görä, tiz wagtda Owganystanyň topary gazyň bahasyny we gaz geçiriji taslamany durmuşa geçirmegi maslahatlaşmak üçin Aşgabada sapar eder.
Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň fewralynda Talyplaryň hökümeti TOPH-iň howpsuzlygyny üpjün etmek barada meýilnamany türkmen tarapyna hödürledi.
Gaz geçirijini goramak bilen ilteşikli meýilnamanyň jikme-jikleri açyklanmaýar.The post Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.