Talyplar tomusky dynç alyş möwsüminde özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanyşdylar

Talyplar tomusky dynç alyş möwsüminde özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanyşdylar

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň (TDMI) talyplary tomusky dynç alyş möwsüminde kafe-barlarda we toý-dabaralarda spirtli içgi içmezlik, ulag sürmezlik, agşam 20:00-dan soňa daşary çykmazlyk ýaly dynç alyş möwsüminde özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de, olar Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerinden “düzgünlere laýyklykda” peýdalanmaga, daşary ýurtlara syýahat etmezlige borçlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan iki talyp bu ýagdaýy özbaşdak tassyklap, degişli düzgünleri birkemsiz berjaý etmek barada ýazmaça wada bermegiň özlerinden talap edilendigini aýdýarlar.

“Ýokarda agzalyp geçilen düzgünleri bozan ýagdaýymda, maňa islendik çäräniň görülmegine, şol sanda okuwdan çykarylmagyna razylyk bildirýärin” diýip, talyplar dilhaty ýazdylar.

Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda tomusky dynç alyş möwsümi golaýlaýan mahaly, Lebap welaýatynda bilim alýan talyplar kafe-barlar, toý-dabaralar bilen bagly gadagançylyklar bilen bir hatarda humar oýunlary oýnalýan ýerlere-de barmazlygy wada berdiler.

“Mugallym diktant ýaly edip, talyplara öz elleri bilen dilhatyny ýazdyrdy” diýip, bir talyp Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bizden öňki talyplar hem her ýylda şeýle hatlary ýazýardylar. Ýöne daşary ýurtlara syýahat gadagançylygyna düşüner ýaly däl. Onsuz hem, talyplaryň biometriki pasportlaryny we sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýarlar” diýip, ikinji talyp aýdýar.

Türkmenistanda häkimiýetler döwlet edara-kärhanalaryndaky býujet işgärlerine, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplara gözegçilik etmekde dilhatyndan yzygiderli peýdalanýar. Şeýle hatlar häkimiýetleriň oňlamaýan hereketleri bilen bagly jogapkärçilikleri raýatlaryň boýnuna ýükleýär.

Býujet işgärleri, talyplar halk-häkimiýet gatnaşygynda gözegçilik guraly hökmünde peýdalanylýan dil hatlaryna köplenç mejbury razy bolup, gol çekmeli bolýarlar.

Türkmenistanda talyplardan özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça dilhatyny almak tejribesi ençeme ýyllardan bäri dowam edýär.

Talyplar okuw jaýynyň içinde we daşynda belli-belli düzgünleri berjaý etmäge borçlanýarlar. Bu talaplar, talyplaryň Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyna, olaryň daşary ýurtlara syýahat edip-etmezlik kararlaryna çenli öz täsirini ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle talaplaryň sebit merkezinde ýerleşýän “Türkmenhimiýa” orta hünärmen mekdebinde hem amal edilýändigini habar berýärler.

Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna gatyşmakda tankyt edilýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda indi ençeme ýyllardan bäri talyplara awtoulag dolandyrmaga rugsat berilmeýär. Şeýle-de, häkimiýetler talyp ýaşlaryň adyna awtomobil ulaglarynyň bellige alynmagyny hem dilden görkezme esasynda gadagan edýärler.

Ýokary okuw jaýlary talyplaryň VPN ulgamlaryndan peýdalanmagyny, olaryň ýurduň çäkindäki petikli saýtlara girmegini hem gadagan edýärler.

Ýokary okuw edaralary talyplardan egin-eşik düzgüniniň hem berjaý edilmegini talap edýär, erkek talyplar tahýa, ak köýnek, galstuk, aýal-gyzlar bolsa diňe gyzyl reňkli milli lybaslary geýmäge borçlanýarlar.

2022-nji ýylda häkimiýetler döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlardan boýag çalmazlyk barada hem dilhaty alypdylar.

Azatlyk Radiosy Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda we “Türkmenhimiýa” orta hünär mekdebinde talyplardan dilhatynyň alynmagy boýunça bilim resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanyň býujet işgärleriniň biometriki pasportlary ellerinden alynýar
Dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär
Türkmen talyplarynyň halkara üstünligi
Türkmenistanly talyplar 31-nji halkara matematika bäsleşiginde dürli derejedäki medallara mynasyp boldular
Mugallymçylyk institutynyň talyplary: Mugallym taýak bilen dabanymyza we bilimize urýar
'Aşgabat' parkynda geçirilen mejbury çärede diňe huşy ýiten talyp gyzlara suw satyn alnyp berildi