Tebigy serişdelere gözegçilik edýän halkara gurama (The Natural Resources Monitoring Network — NRMN) TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna abanýan howpsuzlyk problemasynyň ýokarlanmagyndan alada bildirdi. Bu barada TOLO news neşiri habar berýär.
14-15-nji maýda “Talyban” hereketiniň söweşijileri günbatar Owganystandaky Farah şäherine hüjüm etidler, guramanyň ekspertleriniň pikirine görä, bu ýurduň hökümetiniň gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün edip bilmejekdiginden habar berýär.
Şähere edilen hüjümi yzyna serpikdirmek diňe ABŞ-nyň harby-howa güýçleriniň kömek bermegi netiijesinde başartdy.
NRMN-niň başlygy Ibrahim Jaffariniň sözlerine görä, “soňky wagtlarda hökümetiň TOPH gaz geçirijisini öz ileri tutulýan wezipeleriniň hataryndan dowamly öçürýändigi görnetin aýan bolýar. Farahdaky waka häkimiýetleriň gaz geçirijiniň howpsuzlygy üçin zerur bolan howpsuzlyk derejesini üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri görmändiklerini görkezdi”.
Şol bir wagtda Owganystanyň içeri işler we goranmak ministri ozal gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça töwerekleýin planyň işlenip düzülnedigini habar berdi.
“Owganystanyň duşmanlary TOPH geçirijisiniň gurluşygyny başa bardyrmazlyk ugrunda hemişe tagalla etdiler. Emma, biz bu proýektiň howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýar” diýip, Owgan IIM-niň başlygy Najib Daniş aýtdy.
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna şu ýylyň aprel aýynda badalga berildi we ol Hyrat, Farah, Nimroz we Kandagar welaýatlarynyň içinden geçer.