Talyplar bütin Owganystana gözegçilik edýärler, Gany gaçdy we halk Kabulyň howa menziline hüjüm edýärler, ölenler bar

Talyplar bütin Owganystana gözegçilik edýärler, Gany gaçdy we halk Kabulyň howa menziline hüjüm edýärler, ölenler bar

15-nji awgustda “Talyban” hereketi bütin Owganystana gözegçilik edýändigini yglan etdi.

Şol gije Owganystanyň prezidenti Aşraf Gany öz wezipesinden çekilmäge ylalaşdy we gyssagly ýurdy terk etdi.

Ilkibaşda KHS Ganiniň Düşenbä gaçandygyny habar beripdi. Emma, Düşenbe muny ret etdi. Häzir Ganiniň Omana uçandygy habar berilýär.

Ýeke-täk Owgan marşaly Abdul Raşit Dostum Masari Şerifden özbek şäheri Termeze gaçdy.

Söweşijiler Kabulyň eteklerindäki turmeden ýüzlerçe tussagy boşatdylar. Olaryň arasynda söweşijileriň egindeşleri we terrorist gurama “Al Kaýdanyň” agzalary hem bardy.

Şol bir wagtyň özünde, Kabulyň ýaşaýjylary pyýada we ulaglarda Kabuly terk edýärler, dyknyşyklar emele geldi. Mundan owal adamlar pul çekmek umydy bilen bankyň öňünde nobata durdylar.

Birnäçe ýurtlar Kabuldaky diplomatiýa wekiliýetleriniň işgärlerini çykarýarlar.

Amerikaly harbylar öz ýurdynyň diplomatlaryny ewakuasiýa etdiler we olar çykarylmazdan owal ähli gizlin resminalary ýok etdiler.

60-dan gowrak döwlet Owganystany terk etmek isleýänleriň çykmaga ýol bermäge Talyplary çagyrdylar. Şeýle beýanaty BŞlaryň Döwlet Departamenti ýaýratdy.

“Talybanlaryň” resmi wekili Mohamad Naim Talyplaryň ähli ýurtlar bilen dostlukly ýaşamak isleýändiklerini, goňşylarynyň işlerine gatyşmagy göz öňünde tutmaýandyklaryny aýtdy we muňa jogap hökmünde olaryň Owganystanyň işlerine hem garyşmajakdyklaryna ynanýandygyny belledi.

Kabulda “bidüzgünçiligiň öňüni almak üçin” sagat 21-den komendant sagady girizildi.

Häzir ýerli ýaşaýjylar howsala düşüp, ýurdy terk etmegiň ýeke-täk ýoly howa menziline hüjüm edýärler. Olar uçarlar galyp-gonyan ýollar bilen uçarlara hüjüm edýärler.

Käte-käte amerikaly harbylar howa durýduryş otlaryny açýarlar.

“Wall Street Jornalyň” maglumatyna laýyklykda, howa menziliniň ýolagçy terminalyndaky atyşyklarda iki adam öldi.

“Roýters” bolsa, dyknyşyklarda we atyşyklarda eýýäm, bäş adamyň ölendigini habar berýär.

16-njy awgustda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi adatdan daşary duşuşygyna ýygnanyp, Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlamakçy.The post Talyplar bütin Owganystana gözegçilik edýärler, Gany gaçdy we halk Kabulyň howa menziline hüjüm edýärler, ölenler bar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy
Şeýh Naim Gasym: Sardar Soleimani Yslam dünýäsiniň şehitidir
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Türkmen studenti Täjigistanda ýol heläkçiliginde wepat boldy
Italiýaly kruner Naim Abid aşgabatlylary retro-hitler bilen tanyşdyrdy