Talyban wadasyny bozdy

Talyban wadasyny bozdy

Owganistanda Talyban hökümetiniň Bilim ministrligi, altynjy synpdan başlap ähli gyzlar mekdebiniň mundan beýläk habar berilýänçä ýapyljakdygyny habar berdi.

Bu bir ýagdaýdadyr welin mundan ozal Talyban hökümetiniň Bilim ministrligi täze okuw ýylynda ýurtdaky ähli mekdepleriň ähli synplarda açyljakdygyny habar beripdi.

Talyban topary 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda häkimiýete gelenden soň, käbir reformalary amala aşyrmak maksady bilen altynjy synpdan ýokary mekdeplerde gyzlar mekdebini ýapdy.

Owganistanyň Şafakna habar gullugynyň habaryna görä, Talyban hökümetiniň Bilim ministrligi öz beýanynda: "Mekdep geýimleri owgan kanunlaryna, däp-dessurlaryna we medeniýetine laýyklykda işlenip düzülen bolsa, on soň Talyban ýolbaşçylarynyň hökümi boýunça mekdepler açylar diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky kömek missiýasy (UNAMA) Talyban hökümetiniň ýurtdaky gyzlar mekdebini ýapmagy dowam etdirmek kararyna gynanç bildirdi.

Birnäçe aýlap ýapylansoň, şu gün (23-nji mart, çarşenbe) Owganystanda gyzlar mekdepleri açylmalydy, ýöne Talyban hökümetiniň Bilim ministrligi altynjy synpdan başlap ähli gyzlar mekdebiniň mundan beýläk habar berilýänçä ýapyljakdygyny habar berdi.

Owganystandaky okuw ýyly her ýyl Farwardin aýynyň 3-nji güni başlaýar we 15-nji Azarda tamamlanýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky kömek missiýasy (UNAMA) şu gün Talybanyň altynjy synpdan ýokary gyzlaryň bilim almagyna girizilen gadaganlygy giňeltjekdigi baradaky habaryna alada bildirdi we bilimiň ähli okuwçylaryň hukugydygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
15.11.2017 | Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
26.11.2017 | Bitaraplygyň we Öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylyk dörediji kuwwaty: Türkmenistanyň başlangyçlary giň gerime eýe bolýar
14.12.2018 | Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly
Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly
BMG-NIŇ OWGANYSTANA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA MISSIÝASYNYŇ (UNAMA) BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK