“Talyban” söweşijileri Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň bir obasynda, türkmen-owgan serhedine golaý sebitde türkmen esgeriniň guşagyny tapandygyny aýdýar we türkmen harbylaryny Owganystanyň serhedini bikanun kesip geçmekde aýyplaýar. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär.
Neşir bu maglumatlar boýunça sosial mediada peýda bolan bir wideo maglumata salgylanýar. Maglumata görä, sosial ulgamlarda peýda bolan wideoda türkmen şiwesinde çykyş edýän “Talyban” söweşijileri görkezilýär.
Wideoda çykyş edýän eli ýaragly söweşiji türkmen esgerine mahsus bilguşagy görkezýär. Guşakda Türkmenistanyň döwlet nyşanyny, döwlet baýdagynyň ýüzündäki ýarym aý we bäş ýyldyzy görmek bolýar.
Wideoda görkezilýän eli ýaragly söweşiji Türkmenistanyň esgerleriniň serhedi bikanun geçip, Owganystanyň Garkyn etrabynyň bir obasyna barandyklaryny ýöne ýerli söweşijileri görüp, olaryň yza gaçyp gidendiklerini gürrüň berýär.
Mundan ozal, Garkyn etrabynyň bir ýaşaýjysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen türkmen-owgan serhedinde 30-njy ýa-da 31-nji dekabrda düşürilendigi aýdylýan başga bir wideony Azatlyk Radiosyna iberdi.
Bu wideoda Türkmenistan bilen Owganystan aradaky serhetde patrullyk edýän türkmen dilli “Talyban” söweşijilerini görmek bolýar.Galyberse-de, “Talyban” söweşijisi bilen türkmen esgeriniň arasynda geçen gürrüň hem eşitdirilýär.Wideoda, görnüşinden, türkmen esgeri tikenli simiň ugry bilen ýöräp barýan bir topar söweşijiniň yzyndan gygyryp, olardan öz ugurlaryny başga tarapa üýtgetmegi talap edýär.
Bu talaby ret eden söweşiji öz toparynyň Owganystanyň çäginde hereket edýändigini aýdýar.
Has ozal, Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary Owganystanyň Garkyn etraby bilen Türkmenistan aradaky serhetde 3-nji ýanwar güni “Talyban” söweşijileri bilen türkmen serhetçileriniň arasynda çaknyşygyň bolandygyny habar berdiler. Bu maglumat soňy bilen owgan mediasy tarapyndan hem-de Jöwüzjan welaýatynyň ýerli häkimiýetleri tarapyndan tassyklanyldy.
Ýöne çaknyşygyň ertesi güni, 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy metbugat üçin beýanat çap edip, çaknyşygy ret etdi we bu habarlary “barlanylmadyk hem-de hakykata gabat gelmeýän” atlandyrdy.
Bu habar soňra Owganystandaky “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary tarapyndan hem ret edildi.
Türkmen-owgan serhedindäki çaknyşygyň yz ýany, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň döwlet metbugaty “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň başlygy Mohammad Hasan Ahundyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 14-nji dekabrda iberilen ynsanperwer kömek üçin sagbol aýdyp, ýazan hatyny çap etdi.
Munuň yz ýany, 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kabula sapar edip, bilelikdäki taslamalary, şol sanda Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan transmilli gaz geçirijisini maslahat etdi. Metbutgat habarlaryna görä, Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Içeri işler ministrligi 30 müň ýaragly adam bilen bu taslamanyň howpsuzlygyny üpjün etmekçi bolýar.
3-nji ýanwarda türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşyk radikal topar Kabulda häkimiýeti awgustda ele geçireli bäri türkmen serhetçileri bilen arada bolan ilkinji çaknyşykdyr.
Ýöne ondan ozal hem, Azatlyk Radiosy türkmen-owgan serhedinde wagtal-wagtal ýüze çykýan seýrek çaknyşyklar barada habar berip gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.