"Talyban" hökümetiniň lideri Owganystanyň günortasyndaky Durand liniýasynyň golaýyndaky serhet zolagyna baryp gördi.
AWA habar gullugynyň habaryna görä, Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Anamullah Samangani öz twitter sahypasynda Talybanyň lideri Molla Hebatullah Ahundzadeh anna güni Durand liniýasynyň boýundaky Kandahar welaýatynyň Spin Boldak etrabyna we Owganystan serhedine baryp gördi diýip ýazypdyr.
Samangani aýtmagyna görä Talyban lideri bu sapar wagtynda ýerli işgärleriň we serhetçileriň hyzmatlaryna ýokary baha berdi.
Samanganiniň aýtmagyna görä, Talybanyň lideri welaýat we ýerli işgärlere syýahatçylara we hassalara has köp mümkinçilik döretmek we hiç hili kömek ýa-da hyzmatdaşlygy saklamazlyk üçin elinden gelenini etmegi maslahat berendir.
Talyban lideri mundan ozal Hyrat we Farah welaýatlaryna gidip, şol welaýatlaryň ýerli işgärleri we alymlary bilen duşuşdy.
Alty aý töweregi wagt bäri Owganystanda "Talybanyň" gaýtadan peýda bolmagy bilen Molla Hebatullah köpçülikde görünen däldir ýa-da çykyş eden däldir.
Bu bir ýagdaýdadyr welin birnäçe aý mundan ozal hindi metbugatynda "Talyban" guramasynyň bir ýokary derejeli agzasynyň sözlerine salgylanyp, "Talyban" toparynyň lideri Molla Hebatullah Ahundzadehiň geçen ýyl Pakistan güýçleri tarapyndan edilen hüjümde öldürilendigi aýdylýar.