
Talyban hökümetiniň metbugat sekretary, Eýranyň Owganystanyň günbatarynda ýerleşen Hyratdan Hytaýa çenli demir ýoluny gurmagy wada berendigini aýtdy.
Talyban hökümetiniň metbugat sekretary we Maglumat we Medeniýet ministriniň orunbasary Zabihullah Mujahid duşenbe güni Talyban resmileri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň soňky aýlarda Kabulda we Tähranda geçirilen köp sanly duşuşygyna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanda örän uly taslamalary durmuşa geçirmek niýetiniň bardygyny aýtdy.
AWA habar gullugynyň habaryna görä, Zabihullah Mujahid şeýle-de Eýranyň haf-Hyrat demir ýol taslamasyny Badahşana we ol ýerden Hytaýa çenli giňeltmegi wada berendigini aýtdy.
haf-Hyrat demir ýoly geçen ýyl Eýranyň we Owganystanyň şol wagtky prezidentleri Hasan Ruhani we Aşraf Gani tarapyndan açyldy.
Owganystandaky syýasy özgerişler we Talybanyň bu ýurda musallat bolmagy sebäpli bu taslamanyň gurluşygy we tamamlanmagy bes edildi.
Talybanyň metbugat sekretary şeýle-de, Eýranyň Owganystanyň energiýa we magdançylyk ýaly beýleki pudaklarynda hem maýa goýmaga taýýardygyny aýtdy.