'Talyban' daşary ýurt goşunlarynyň çykmak möhletiniň uzaldylmagyna garşy

'Talyban' daşary ýurt goşunlarynyň çykmak möhletiniň uzaldylmagyna garşy

Waşington Owganystandan gaçmak isleýän müňlerçe adamy ewakuasiýa etmek uçin goşmaça wagt gerek boljakdygyny aýdansoň "Talyban" ABŞ-nyň we halkara güýçleriniň 31-nji awgusta çenli yza çekilmek üçin berlen möhleti uzaltmajakdygyny aýtdy.

"Talybanyň" bu beýanaty 23-nji awgustda Kabulyň howa menzilinde bir owgan garawulynyň ölmeginden we üç adamyň ýaralanmagyndan soň, şeýle-de Owganystandan gaçmak isleýän on müňlerçe adamyň ýurdy terk etmek üçin mümkinçilik gözleýän wagtynda edildi.

NATO-nyň iki resmisi aeroportdaky atyşykdan soň ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýtdy. "Talyban" bolsa howa menziliniň daşynda öz söweşijilerini ýerleşdirdi we bu ýerde howpsuzlygy berjaý etmäge kömek edýändigini aýtdy.

ABŞ we halkara güýçleri raýatlary we ejiz owganlary ýurtdan çykarmaga synanyşýarka, howa menzilindäki bulam-bujarlykda 20 adam öldi.

Krizis ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň milli howpsuzlyk toparynyň goşunlary Owganystandan çykarmagyň möhletini uzaltmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýandygy barada 21-nji awgustda aýtmagyna sebäp boldy.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň 24-nji awgustda "Uly-7" toparynyň liderleriniň gyssagly ýygnagynda Baýdene basyş etmegine garaşylýar. Bu aralykda "Talybanyň" metbugat sekretary Suhail Şahin 23-nji awgustda Sky News agentligine beren interwýusynda şeýle ädimiň "ynamsyzlyk" döretjekdigini belläp, "reaksiýanyň" boljakdygyny aýtdy.

"ABŞ ýa-da Beýik Britaniýa ewakuasiýany dowam etdirmek üçin goşmaça wagt gözlejek bolsa, jogap "ýok". Ýa-da netijeler bolup biler ... Bu biziň aramyzda ynamsyzlyk döreder. Eger okupasiýany dowam etdirmek isleseler, bu reaksiýa döreder" -diýip "Talybanyň" wekili Suhaýl Şahin aýtdy, emma nähili netijeleriň bolup biljekdigi barada jikme-jik maglumat bermedi.

Baýden Kabuldan 14-nji awgustdan bäri 28 000 töweregi adamyň ewakuasiýa edilendigini, hepdäniň ahyrynda 11 000-den gowrak adamyň gidendigini 22-nji awgustda aýtdy. Bu san diňe bir ABŞ-nyň harby uçuşlaryny däl, eýsem çarter we ýaran harby uçuşlary hem öz içine alýar.

Germaniýanyň ýaragly güýçleriniň beren beýanatynda 23-nji awgustda irden Kabulyň howa menziliniň demirgazyk derwezesinde dörän ok atyşykda bir owgan goragçysy wepat bolupdyr, üç adam ýaralanypdyr.

Twitter ulgamynda çap bolan maglumatda ok atyşygyň näbelli ýaragly adamlar, ABŞ-nyň we Germaniýanyň güýçleriniň, şeýle-de aeroportuň goragçylarynyň arasynda dörändigi aýdylýar.

ABŞ, howa menziliniň töwereginde "Talybanyň" duşmany bolan "ISIS-K" ady bilen bilinýän "Yslam döwleti" söweşijileriniň howpy barada alada bildirdi. Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan CNN telekanalyna beren beýanatynda bu howpy “hakyky we ýiti” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň harby güýçleri ewakuasiýa işlerini ýeňilleşdirmek üçin "Talyban" bilen hemişe aragatnaşyk saklaýar. Baýden aeroportuň daşynda müňlerçe adamyň ýygnanyşandygy sebäpli howa menziliniň töweregindäki "perimetri giňeltmek üçin hyzmatdaşlyk edendigini" aýtdy.

"Adamlary çykarmak üçin mümkin boldugyça çalt we gyssagly işleýäris" -diýip Baýden aýtdy we "Bu biziň wezipämiz. Bu biziň maksadymyz" diýip belledi.

Prezident administrasiýasynyň Owganystan boýunça alyp barýan syýasatyny we ABŞ-nyň goşunlarynyň yza çekilmegini tassyklady. Onuň ABŞ-nyň goşunlaryny Owganystandan doly çekmek we 31-nji awgustda bellenilen möhleti berjaý etmek karary, "Talybanyň" çaltlyk bilen ýurdy eýelemegi we owgan howpsuzlyk güýçleriniň doly çökmegi sebäpli ýiti tankytlara sezewar edildi.

Müňlerçe amerikan, britan we ýaran goşuny Kabulyň howa menziliniň goragyny üpjün etdi we harby hem-de raýat uçarlary daşary ýurtlulary we owganlary alyp barýarka, mähelläni uzakda saklamak we asudalygy üpjün etmek üçin göreşdi.

ABŞ-nyň ilçihanasy öz raýatlaryna ABŞ-nyň hökümet wekilleriniň görkezmesi bolmazdan Kabulyň howa menziline gitmezlik barada täze duýduryş berdi. ABŞ-nyň käbir raýatlary dikuçar bilen Kabulda oturan ýerlerinden göni aeroporta äkidilýär.

Şol bir wagtyň özünde Pentagon alty täjirçilik awiakompaniýasyna Owganystandan ewakuasiýa edilen adamlary daşamaga kömek etmegi buýurdy. "United", "Amerikan" we "Delta" ýaly iri howa kompaniýalaryndan 18 sany uçar, Owganystanyň daşyna çykan adamlary wagtlaýyn ýerleşýän ýerlerinden alyp gitmek üçin ulanylar. Uçarlar Kabulyň özüne barmaýar.

Bu aralykda "Talybanyň" liderleriniň hökümeti döretmek barada gepleşiklere başlandyklary habar berilýär.

Hökümet goşunlarynyň hem-de ýörite güýçleriň galyndylarynyň bolsa paýtagtyň demirgazygyndaky Panjşir jülgesine ýygnanyp, ýerli söweşijilere goşulandygy we milli garşylyk frontuny (NRD) döredýändigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

"Krizis eýýäm geldi". Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň geljegine abanýan howpdan habar berýär
ABŞ Terror guramasy ÝPG/SDG Bilen Hyzmatdaşlyk Edýär
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy
Galla Krizisi Çözülýär
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny