Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Kahhar Belhi metbugata beren beýanatynda, Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttakinyň ýolbaşçylyk etmegindäki Talibanyň wekiliýetiniň Oslo şäherinde geçirýän duşuşyklary barada maglumat berdi.
Geçirilen gepleşiklerde Owganystandaky ykdysady, ynsanperwer kömek, merkezi bankyň işleri we saglgy goraýyş meseleleriniň güntertibe gelendigini aýdan Belhi, gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan Owganystanyň ozalky Prezidenti Hamid Karzaý, Osloda geçirilýän gepleşikleriň ýurtdaky bar bolan syýasy meseleleriň çözgüde gowuşdyrylmagy taýdan möhümdigini habar berdi.
Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Talibanyň wekiliýetiniň 23-25-nji ýanwar aralygynda Oslo şäherine sapar guramaklary üçin çakylyk ugradylandygy habar berilipdi.
Talibanyň wekiliýetiniň Norwegiýanyň hökümedi we käbir hyzmatdaş ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirmek maksady bilen Norwegiýada saparda boljakdygy beýan edilipdi.
Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Hýutfeldt, 21-nji ýanwarda beren beýanatynda Owganystandaky ynsanperwer krizis bilen bagly aladalaryny belläp geçip, soňky wagtlarda ýurtda başdan geçirilenleri millionlarça adama täsir ýetirýän doly derejeli ynsanperwer krizis hökmünde häsýetlendiripdi.
Anniken Hýutfeldt geçiriljek duşuşyklaryň Talibanyň ykrar edilmegi ýa-da kabul edilmegi bolmandygyny, emma ýurdy dolandyrýanlar bilen gürrüňdeş bolmak ýagdaýyndadyklaryny mälim edipdi.