Talibanyň wekiliýeti Norwegiýada saparda bolýar

Talibanyň wekiliýeti Norwegiýada saparda bolýar

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, Twitterden beren beýanatynda Talibanyň wekiliýetiniň Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde köp sanda resmi bilen maslahatlar geçirendiklerini habar berdi.

Beýanatda maslahata gatnaşan taraplaryň biri-birleriniň garaýyşlaryny sabyrlylyk bilen diňländigi we ýurdyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşandygy mälim edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň ähli owganlaryň umumy öýüdigini tassykladylar we owganlaryň ýurtda has gowy syýasy, ykdysady we howpsuzlyk üçin bilelikde işlemeginiň gerekdigi bellendi.

Owganystanyň ähli meseleleriniň ýeke täk çözgüdiniň düşünjelilikdigi we hyzmatdaşlykdygy ähli gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.

Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Talibanyň wekiliýetiniň 23-25-nji ýanwar aralygynda Oslo şäherine sapar guramaklary üçin çakylyk ugradylandygy habar berildi.

Talibanyň wekiliýetiniň Norwegiýanyň hökümedi we käbir hyzmatdaş ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirmek maksady bilen Norwegiýada saparda boljakdygy beýan edildi.

Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Hýutfeldt, 21-nji ýanwarda beren beýanatynda Owganystandaky ynsanperwer krizis bilen bagly aladalaryny belläp geçip, soňky wagtlarda ýurtda başdan geçirilenleri millionlarça adama täsir ýetirýän doly derejeli ynsanperwer krizis hökmünde häsýetlendiripdi.

Anniken Hýutfeldt geçiriljek duşuşyklaryň Talibanyň ykrar edilmegi ýa-da kabul edilmegi bolmandygyny, emma ýurdy dolandyrýanlar bilen gürrüňdeş bolmak ýagdaýyndadyklaryny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy