Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Gurhanyň ýakylmagyna rugsat berendigi üçin musulmanlardan ötünç soraýança çenli Şwesiýanyň Owganystandaky ähli işleriniň duruzulandygyny mälim etdi.
Gurhanyň ýakylmagyny tekepbirlik hökmünde häsýetlendiren Müjahid, ähli Yslam ýurtlarynyň Şwesiýa bilen bolan gatnaşyklaryny gözden geçirmekleriniň zerurdygyny belledi.
Talibanyň 2021-nji ýylyň 15-nji awgutynda Owganystany basyp almagyndan soň Şwesiýa bilen birlikde dünýäniň ençeme ýurdy Kabuldaky wekilhanalaryny ýapypdy, emma Şwesiýanyň käbir ynsanperwer guramalary ýurtdaky işlerini dowam etdiripdi.
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmde 28-nji iýunda asly yrakly bolan Salwan Momika Stokgolm metjidiniň öňünde polisiýa işgärleriniň goragy astynda Gurhan ýakypdy.